Milli medeniýetiň galkynyşy
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Milli medeniýetiň galkynyşy

Medeniýet
04.06.2024  634

Medeniýet umumadamzat üçin düşnükli bolan umumy dildir, halklaryň köňül zybanydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň we döredijilik merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi hem milli medeniýetimizi ösdürmek, halkymyza hödürlenilýän medeni hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini tassyklaýar.

Täze taryhy döwürde milli medeniýetimiz, sungatymyz we edebiýatymyz täze galkynyşy başdan geçirýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, ýylyň-ýylyna Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly dabara bilen bellenilmegini buýsanç bilen aýtmak bolar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçiriljek Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň häzirki döwürdäki ösüşini bütin dünýäde dabaralandyrjak şanly wakalara beslener.

Her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen halkynyň milli mirasyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge hem-de täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. 2013-nji ýylda ilkinji gezek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeligini soňlugy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda dowamly geçirmek asylly däbe öwrüldi. Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň sebitleriniň taryhy-medeni mirasynyň, edim-gylymlarynyň özboluşly aýratynlyklary we dürli öwüşginleri açylyp görkezilýär. Bu hepdelik umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan gadymy sungatymyzyň, milli medeniýetimiziň täze taryhy döwürde döwrebap görnüşde ösdürilýändigini, dowamatynyň dowam bolýandygyny alamatlandyrýar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Döwrüň talabyndan ugur alyp
28.11.2022   512
Medeniýet Mirasa sarpaly Watan
21.03.2024   531
Medeniýet Ýüreklerde orun alan şahyr
30.04.2024   524
Medeniýet Bagşyly il — bagtly il
20.11.2025   216
Medeniýet Şat dünýäniň saýrak bilbilleri
17.04.2024   589
Medeniýet Türkmeniň myrady hem syrdaşy
15.05.2026   89
image