Milli medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Milli medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa

Medeniýet
22.06.2026  46

22-nji iýunda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

Giň gerimli döredijilik çäresi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli guralan çärelere Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky guramalaryň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, talyplar gatnaşdylar. Olar «Türkmeniň ak öýi» binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Sergide muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli kitaplar, neşir önümleri görkezildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm orun berlipdir.

Soňra kaşaň binada medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň, dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary belentden ýaňlandy. Konsert tamamlanandan soňra, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň has-da rowaçlanmagynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň öňdebaryjy döredijilik işgärleri bilen döredijilik dünýäsine täze gadam goýan ýaşlaryň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri, häzirki zaman ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň döredijilik işi barada pikir alyşmalar boldy. Soňra bu ýerde «Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary» atly okuw-tejribe maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzda kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hem-de muzeý gaznasyny baýlaşdyrmagyň tejribesi» atly muzeý hünärmenleriniň usuly maslahaty hem geçirildi.

Medeniýet hepdeligi Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň, Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda guralan baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary çäreleriň dabarasyny has-da belende göterdi.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Gadymy we şöhratly Änew
15.03.2024   709
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   104
Medeniýet Şahandazdyr gözel ili türkmeniň
25.08.2025   238
Medeniýet Döwrüň bagtyýar gül-gunçalary
17.03.2026   110
Medeniýet Magtymgululy gürrüňler
15.04.2024   599
Medeniýet Ata kesbine eýeren
23.01.2026   153
Medeniýet Gadymy sungatyň ýaş muşdaklary
06.06.2026   75
image