Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna

Jemgyýet
01.11.2024  343

Ykdysadyýetiň möhüm daýanjy

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşini, kuwwatlanmagyny üpjün etmekde, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, söwda-haryt dolanyşygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň derwaýys durmuş hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmakda we beýlekiler babatda milli manadymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde onuň hümmetini saklamak, aýlanyşygyny çaltlandyrmak barada zerur tabşyryklary berip, bu babatda uly tagallalary edýär.

Mälim bolşy ýaly, milli manadymyz mundan 31 ýyl öň, ýagny 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm ädim boldy. Şondan soňra onuň hereketini kadalaşdyrmak, durnuklylygyny, hümmetini berkitmek maksadynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2008-nji ýylda manadyň ýeke-täk hümmetine geçmek, 2009-njy ýylda onuň denominasiýasyny, 2015-nji ýylda bolsa dewalwasiýasyny amala aşyrmak boýunça toplumlaýyn işler berjaý edildi. Şeýle giň möçberli aladalaryň netijesinde milli manadymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginlerde ösdürilmeginde, pul-karz syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagynda, bahalaryň kadaly derejede saklanmagynda barha uly orna eýe bolýar. Şunlukda, ol önümçilik işlerinde, ýagny onuň guralyşynda, netijeliliginde, serişdeleriň tygşytly peýdalanylmagynda, döwlet edaralarynyň, guramalarynyň hereket etmeginde özboluşly gurala, esasy daýanja öwrülýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlary bilen milli manadymyzyň hereketiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy öz oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigini onuň işjeňligini ýokarlandyrmak, aýlanyşygyny kämilleşdirmek babatdaky işleriň mysalynda-da görmek mümkin. Çünki olardan ugur almak bilen, soňky ýyllarda bank ulgamynyň öňünde möhüm wezipeler goýulýar. Şonuň netijesinde banklar tarapyndan dürli pudaklara, ilata berilýän karzlaryň möhletlerini, möçberlerini artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Munuň özi milli manadymyzyň ilatyň durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna, telekeçiligiň ösdürilmegine, şonuň netijesinde ykdysadyýetiň ygtybarly dolandyrylmagyna uly goşant goşmagyna ýardam berýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwre buýsanjyň beýany
22.01.2026   122
Jemgyýet Özgerişlere bagyşlanan maslahat
28.04.2026   72
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   385
Jemgyýet Awtotoplumdaky göwnejaý işler
24.02.2026   91
Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   527
Jemgyýet Buýsançly gürrüňler edildi
27.08.2025   178
image