Milli kanunçylygy kämilleşdirmek — döwrüň talaby
weather dashoguz 31° C Daşoguz

Milli kanunçylygy kämilleşdirmek — döwrüň talaby

Jemgyýet
18.01.2025  132

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýylymyz döwrebap şygarlar bilen şöhratlandyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Mälim bolşy ýaly, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 9-njy ýanwarynda guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň meýilnamasyna laýyklykda Daşoguz welaýatynda maslahatlar geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyz babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça maslahatlar Saparmyrat Türkmenbaşy, Köneürgenç, Boldumsaz, Şabat etraplarynda geçirildi.

Ýokary guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen maslahatlary welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa alyp bardy. Maslahatlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy Serdar Gaýypow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Saparmyrat Owganow, «Nesil» gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojaberdiýew, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Mejlisiň deputatlary, bagtyýar ildeşlerimiz çykyş edip, berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her bir ýylyň şygarynyň döwrümize we ömrümize aýratyn many-mazmun bagyşlaýandygyny bellediler.

Bilşimiz ýaly, guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu toparyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunda hemişelik Bitaraplygymyz babatdaky kada-kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigi bellenildi. Milli Liderimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Çykyş edenler bular barada bellemek bilen, özleriniň milli kanunçylygymyz baradaky tekliplerini beýan etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
22.11.2024   206
Jemgyýet WATAN GERÇEGI SARPALANDY
09.05.2025   78
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
16.08.2024   190
Jemgyýet Gözelligiň we nuranalygyň baýramy
06.03.2024   536
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
24.01.2025   110
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanan maslahat
19.09.2024   221
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
20.04.2024   286
image