Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly

Jemgyýet
18.09.2025  152

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dürli ugurlarynda gazanylýan ösüşler we özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler, ata Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda günübirin bolup geçýän taryhy wakalar, buýsançly täzelikler halkymyzy döredijilikli işlemäge we hyjuwly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Nesip bolsa, ertir, ýagny 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibinde garaljak derwaýys meseleler, olardan gelip çykýan wezipeler döwlet syýasatynyň ugurlaryny ilerletmekde, halk demokratiýasyny dabaralandyrmakda ýene-de bir möhüm ädime öwrüler.

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisleriniň taryhy çözgütleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Muny geçen ýyllaryň netijeleri hem doly açyp görkezýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreleriň ählisi hem mazmun taýdan çuňňur häsiýetlidir. Bu öňümizde duran umumymilli forum babatda hem hut şeýledir. Çünki her bir tutuma taryhy häsiýet bermek üçin köpüň pikirini diňlemek, ony ara alyp maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelge öz ýokary netijesini berýär. Milletimiziň geçmişinden şu güne çenli öz gymmatyny ýitirmän gelen bu edähet häzirki taryhy döwrümizde has-da rowaçlanýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Rowaçlanýan ýörelge
06.12.2025   153
Jemgyýet Çaý
29.07.2025   157
Jemgyýet Milli mertebäniň belent sarpasy
09.07.2025   197
Jemgyýet Ganatly bedewleriň waspy
26.04.2024   429
Jemgyýet Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry
25.03.2026   68
Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   91
Jemgyýet Dil bilmek — kämillik
15.03.2024   407
image