Milli däbim — mertebäm
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Milli däbim — mertebäm

Medeniýet
30.03.2024  583

Halkymyzyň gadymdan gelýän milli däpleriniň biri myhmansöýerlikdir. Myhmany güler ýüz bilen garşylamak oguzlardan galan iň asylly däpleriň biridir. Türkmenleriň myhmansöýerligi hakynda wenger syýahatçysy Armeniý Wamberiniň, iňlis harby gullukçysy Aleksandr Bornsyň ýazgylarynda ýatlanylýar.

XIX asyrda halkymyzda dograma taýýarlamak däbe öwrülipdir. Et ülüşlemek myhmanyň ýaşyna we mertebesine görä paýlamak däbi bolupdyr. Gorkut atanyň meşhur «Oguznamasynda» hem et ülüşleriniň paýlanylyşyny ýatlasak, dowaryň kellesi, guýrukly ujasy, bagry hanyň paýy hasaplanypdyr. Halkymyzyň arasynda bir gaba dowaryň iň süýji görülýän böleklerini — kellesini, guýrugyny, ujasyny, bagryny we on iki süňňüni salyp, bu ülüşleri myhmanlaryň arasynda bölüpdirler. Kellesini köpçülige baş bolmagyň nyşany hökmünde ýaşula, ujasyny has hormatlanýan adama, bagryny we dogralan guýruk ýagyny myhmanlara deň böleklere bölüp paýlapdyrlar. Uja iň gowy görülýän ülüş hökmünde, ähli toý-baýramlaryň saçagyny bezäpdir, emma ol ýas ýerinde berilmändir.

Malyň dili ýaňy gürläp başlan çagajyklara, kentlewügi owadan keşde çeksin diýen niýet bilen gyzjagazlara, süňküň ýülükleri bolsa çagalara paýlanylypdyr. Halkymyzda goýun döşüniň we ujasynyň iň bir gowy görülýän et ülüşleri hasaplanýandygy halk paýhasynda öz beýanyny tapypdyr.

Aş diýene aş beriň, et diýene döş beriň,
Munda kimiň bijesi, ýegen jana ujasy.

Maşgala saçagynyň dabaraly däpleri birek-birege bolan sylag-sarpanyň ösmegine täsir edipdir. Öýde ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly ýagşy endikler kemala gelipdir. Biziň günlerimizde hem sadaka berlende malyň kellebaşaýagy, bagyr-öýkeni bişirilip, gelenlere dadyrylýar. Bu däpleri öwrenenimizde, ata-babalarymyzyň nesillerini asylly ýörelgeler arkaly terbiýeländiklerine göz ýetirýäris.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Bagşyçylygyň gadymy ojagy
17.06.2024   552
Medeniýet «Ýaňlan, Diýarym!  — 2026»
04.08.2026   65
Medeniýet Halkymyzyň buýsanjy
25.10.2023   992
Medeniýet Geçmişden gaýdan owaz
02.03.2026   154
Medeniýet Suwuň gaýmagy
23.09.2025   204
Medeniýet Şygryýet äleminiň çyragy
10.06.2024   681
Medeniýet Alajalar nagyş hökmünde
09.01.2023   1410
image