Milli buýsanjymyzyň dabarasy
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Milli buýsanjymyzyň dabarasy

Jemgyýet
29.04.2026  22

TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda «Belende göterýär ýürek joşguny, türkmeniň naýbaşy dor bedewleri» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, işjeň agzasy Öre Agaýew, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Baýmyrat Ödetaganow, Daşoguz Döwlet athanasynyň seýsi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Täçdurdy Täjibaýew, mährem ene Saparbike Amangeldiýewa dagy çykyş edip, ata Watanymyzda atçylygy, atçylyk sportuny, seýisçilik sungatyny ösdürmek babatda amala aşyrylýan işler, bu ugurda döredilýän şertler barada gürrüň berdiler. Dabaranyň ahyrynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň zehinli aýdymçylarynyň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň bedew atlary wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary maslahata gatnaşyjylaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Toý ruhuna beslenen ak mekdepler
02.09.2024   417
Jemgyýet Terbiýe göreldeden başlanýar
29.07.2025   176
Jemgyýet Bilimden paýly nesiller
02.09.2024   437
Jemgyýet Taryhy maslahat — geljege nazar
04.08.2025   172
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
29.04.2026   27
Jemgyýet Täze eýýamda nesil terbiýesi
03.10.2024   271
Jemgyýet Ajaýyp döwrümiziň şirin owazy
31.07.2025   163
image