Milli buýsanjymyz, belent mertebämiz
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Milli buýsanjymyz, belent mertebämiz

Jemgyýet
25.02.2026  53

Ata-babalarymyz geçmişde kämil gymmatlyklaryň ençemesini döredipdirler we olary aýap saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler. Türkmen aty, nepis halysy, dutary, ak bugdaýy, alabaý iti — bularyň hemmesi halkymyzyň maddy gymmatlyk derejesine çykaran baýlygydyr. Bedew atyň waspy türkmen taryhynyň ähli döwürlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Oguz han, Gorkut ata we beýleki ençeme görnükli şahsyýetlerimiz hem bedew at barada dürdäne sözleri aýdypdyrlar. Halk döredijilik eserleriniň islendik görnüşinde, aýratyn-da, eposdyr dessanlarda «at çapdyrmak», «altyn gabak atdyrmak» ýaly at üstündäki oýunlar bilen bagly wakalara köp duş gelmek bolýar.

Türkmenler ozallar öýlenjek ýigidi synagdan geçirmek däbini berjaý edipdirler. Gadym ata-babalarymyz tarapyndan çapyp barýan atyň üstünde nyşana atmak ýaly bäsleşikler geçirilipdir. Türkmen halk dessanlarynyň ählisinde bedew atyň keşbi gahrymançylykly wakalarda wepadarlygyň nyşany hökmünde suratlandyrylýar. Adampisint bedew atyň satylmaga mynasyp däldigini «Görogly» eposynda Göroglynyň: «Bermenem Ruma, Yspyhana» diýip, Gyratyň bahasyny örän belentde goýmagy subut edýär. Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan gamyşgulak bedewleri şahyrlarymyz şygyrlaryň üsti bilen, saz sungatynyň wekilleri bolsa şol şygyrlary aýdyma öwrüp ýa-da aýratynlykda saz döredip wasp edipdirler. Muňa mysal hökmünde «Göroglynyň at oýnadyşy», «Gyrat», «Taý atym», «Ýabylyk», «Atlyk» ýaly aýdym-sazlary görkezmek bolar. Bedew ata bolan söýgi türkmene gan bilen girendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Ganatly bedewler» atly kitaplarynda ahalteke atlarynyň gelip çykyşy, taryhy ösüş ýoly, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, dünýä atçylyk medeniýetinde tutýan orny we gymmaty dogrusynda giňden beýan edilýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   371
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   249
Jemgyýet Watanymyzyň gymmatly ýörelgesi
31.10.2025   114
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
29.10.2024   329
Jemgyýet Maksatly menziller
25.07.2025   183
image