Milletiň saglygy — ýurdumyzyň rowaçlygynyň girewi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Milletiň saglygy — ýurdumyzyň rowaçlygynyň girewi

Jemgyýet
15.10.2025  162

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilen güni Daşoguz şäheriniň binagärlik aýratynlygyna bezeg berjek, eneleriň hem-de geljegimiz bolan körpe nesliň saglygyny goramaga giň mümkinçilikleri döretjek ýene bir binanyň — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy. Oňa Daşoguz welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy oňa gatnaşanlaryň şatlygyny artdyrdy.

Dabarada çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda we gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara beslenýän günlerinde welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirjek 400 orunlyk bu merkeziň düýbüniň tutulmagy welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynda uly ruhubelentlik döredip, olaryň «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerip, bu ugurda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize bolan guwanjyny, mähriban Watanymyza buýsanjyny artdyrdy.

Bellenilen pursadyň gelip ýetmegi bilen, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda merkeziň düýbi tutuldy. Dabaranyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy.

Iş orunlarynyň köp sanlysynyň döremegini üpjün etjek täze merkezde maslahat beriş, keselleri irki möhletlerde anyklaýyş, olaryň öňüni alyş we bejeriş bölümleriniň birnäçesi bolar, olaryň dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen iň kämil, öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulmagy lukmanlara ilatyň saglygyny goramak babatdaky işleri ýokary derejede ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   147
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
24.01.2025   319
Jemgyýet Edep-terbiýe ýörelgesi
14.11.2024   409
Jemgyýet Sagdynlygyň dabaralanmasy
10.10.2024   395
Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik geljegini gurujylar
20.08.2025   230
Jemgyýet Ukyp-başarnygyň bäsleşigi
08.05.2026   114
image