Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky meýilnamany üstünlikli berjaý eden Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Akderýa» daýhan birleşiginiň gallaçylary geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni hem berk tutýarlar. Güýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilip gutarylmagy bu daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň geljek ýylda hem bol hasyl ýetişdirjekdigine şaýatlyk edýär. Ekiş möwsümine ykjam taýýarlykly gelinmegi 850 gektar ýerde bu çäräni öndürijilikli alyp barmaga mümkinçilik berdi. Ekiş möwsüminde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň dürli kysymly tehnikalarynyň 4-si, daýhan birleşiginiň tehnikalarynyň 2-si kärendeçileriň iň ýakyn daýanjy boldular. Göreldeli mehanizatorlardan Serdar Eýmirow, Boran Ýowbasarow, Kuwwat Şyhyýew, Jumaberdi Babaýew dagy ekişde gaýratlylyk görkezdiler. Daýhan birleşiginde 205 kärendeçiniň ählisi güýzlük bugdaýyň ideg işlerine girişip, kärende ýerleriniň gyra-töwereginde arassaçylyk işlerini geçirýärler, akabalary gyrmançalardan, guran ot-çöplerden arassalaýarlar. Öňdebaryjy kärendeçilerden Kakamyrat Taganow, Annaweli Annaýew, Kulbaý Begjanow dagy bu çäreleri berjaý etmekde has-da tapawutlanýarlar.