Mertebeli menzilleriň şatlygy
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Mertebeli menzilleriň şatlygy

Jemgyýet
04.04.2025  315

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegini dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Daşoguz welaýat zenanlar bölümi bilen bilelikde guramagynda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. «Hemişelik Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň we durnukly ösüşiň rowana ýollary» ady bilen geçirilen maslahata häkimligiň jogapkär işgärleri, Mejlisiň zenan deputatlary, mährem eneler, ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda  çykyş edenler şöhratly ýylymyzyň taryhy wakasy — BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynyň göwün galkyndyryjy buýsanjy barada söhbet etdiler.

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan şöhratly ýylymyzda kabul edilen bu taryhy Kararnamanyň ýurdumyzyň bitaraplyk taglymatyna we onuň esasynda tutuş dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, halklaryň arasyndaky işjeň gatnaşyklary rowaçlandyrmak ugrundaky tagallalaryň ýokary netijelerine berlen uly baha hökmünde kalplardaky buýsanjy artdyrýandygy dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Türkmen zenanlarynyň durmuşynyň, olara döwlet derejesinde döredilýän ýeňillikleriň, bildirilýän hormatyň dünýä zenanlarynda uly gyzyklanma döredýändigi, zenanlaryň inçeden nepis işleriniň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygy hökmünde äleme ýaýylýandygy, ýurdumyzda gender syýasatynyň işjeň durmuşa geçirilýändigi, döwletiň dürli ugurlarynda zenanlaryň ornuna çuňňur baha berilýändigi, türkmen zenanlary bilen dünýä zenanlarynyň arasynda guralýan işjeň häsiýetdäki dialogyň ýokary netijelerini berýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Şeýle hem döwletimizde gazanylýan şeýle belent derejeli ösüşlere zenanlaryň hemişe işjeň goşulyşmalydyklary, guramanyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmelidigi, bu babatda öňde durýan wezipeler, olaryň esasynda durmuşa geçirilmeli işler, belent maksatlar barada hem nygtaldy.

Dabaraly maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Şol gün Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde şanly ýylymyz mynasybetli dost-doganlyk ýurtlaryň zenanlarynyň we çagalarynyň milli lybaslarynyň görkezilişi boldy, şeýle hem doganlyk halklara degişli maşgalalar bilen dabaraly duşuşyk geçirildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýylyň şygaryna bagyşlandy
21.01.2026   82
Jemgyýet Hünäre hormatyň beýany
19.02.2025   272
Jemgyýet Maslahat geçirildi
02.05.2024   382
Jemgyýet «Hemedan daş bolsa...»
05.11.2025   128
Jemgyýet Täsirli gezelenç
06.05.2024   715
Jemgyýet Gatnaşyklary berkitmegiň aýdyň ýoly
14.08.2025   180
image