1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen, häzirki wagtda asyr ýaşy arka atan, Daşoguz welaýatynda ýeke-täk uruş weterany Köşek Soltanmyradowy Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlamak dabaralary ýokary derejede geçirilýär. Şanly sene mynasybetli golaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli uruş weteranynyň öýünde duşuşyk guraldy. Ak öý tutulyp, aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy.
Daşoguz welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk dabarasy weteranyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Duşuşygyň dowamynda hemmeler asyr ýaşy arka atan goja ýene-de uzak ömür arzuw etdiler, ýaşlarymyz üçin görelde mekdebi bolup, uzak ýaşamagy dilediler. Weteran öz gezeginde şeýle bagtly günler hem-de toý sowgady üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.