Türkmen halkynyň asyrlara uzaýan şöhratly taryhy bar. Merdana pederlerimiz taryhda edermenligiň, watansöýüjiligiň, il-halka hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezipdirler. Bu asylly ýörelgeler, merdanalyk ýoly nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän milli ýörelgelerine ygrarlydyr.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk okuw mekdebinde hereket edýän «Miras» gurnagynyň we ýaş alymlar geňeşiniň agzalary wirtual görnüşde Aşgabat şäheriniň günorta-günbatarynda ýerleşýän «Watan mukaddesligi» atly muzeýiň miras gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyş boldular. Onda merdana pederlerimiziň nusgalyk ýoly, ilhalar ynsan, watançy esger, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Watan üçin söweşmegiň, nesillere bilim öwretmegiň beýik ýörelgesi barada gymmatly maglumatlar bilen tanyşdylar. Bu wirtual syýahat ata-babalarymyzyň merdanalyk ýoluny öwrenmekde we wagyz etmekde ähmiýetli çäre bolup, ol mekdebiň talyplarynda uly täsir galdyrdy.