Mekdep okuwçylarynyň ýaryşy
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Mekdep okuwçylarynyň ýaryşy

Sport
11.02.2026  117

Golaýda mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň gandbol görnüşi boýunça Daşoguz welaýat birinjiligi geçirildi. Ony «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, Baş bilim müdirligi, Saglygy goraýyş müdirligi hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşi bilelikde guradylar. Ýaryş Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport desgasynyň futzal eýwanynda geçirildi. Ýaryş örän gyzykly, çekeleşikli boldy.

Ýaryşda öz garşydaşlarynyň hemmesini utan Garaşsyzlyk etrabynyň oglanlar toparyna taý gelen bolmady. Netijede, oglanlaryň arasynda şu etrabyň topary birinji, Daşoguz şäheriniň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda geçen ýaryşda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Garaşsyzlyk etrabynyň topary ikinji, Şabat etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Birinji orny eýelän toparlar döwlet derejesindäki ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Sport Ilkinji günüň ilkinjileri
16.04.2024   371
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
20.01.2025   281
Sport Sport
19.05.2026   70
Sport Gyzykly geçen ýaryş
23.11.2024   330
image