​​​​​​​Mekdep okuwçylarynyň spartakiadasynda
weather dashoguz 23° C Daşoguz

​​​​​​​Mekdep okuwçylarynyň spartakiadasynda

Sport
01.12.2025  134

«Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäklerinde sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça Daşoguz welaýat birinjiligi geçirildi. Ony Daşoguz welaýat häkimligi, TKA-nyň welaýat birleşmesi, Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň welaýat bölümi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşi bilelikde guradylar. Küşt boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň küşt eýwanynda geçirildi. Oňa welaýatyň şäherdir etraplaryndan ökde türgenleriň 8 topary gatnaşyp, olar aýlaw esasda bäsleşdiler. Ýaryşyň netijesine görä, Köneürgenç etrabynyň okuwçy oglan-gyzlar topary on ýarym utuk bilen birinji, Daşoguz şäheriniň okuwçy oglan-gyzlar topary on utuk bilen ikinji, Gubadag etrabynyň okuwçy oglan-gyzlar topary dokuz ýarym utuk bilen üçünji orunlary eýelediler.

Şaşka boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde geçirildi. Oňa etrapdyr şäherden 7 topar gatnaşdy. Ýaryşda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň okuwçy oglan-gyzlaryna taý gelen bolmady. Olar köp utuk toplap, birinji orny eýelediler. Ikinji orny Görogly etrabynyň, üçünji orny Daşoguz şäheriniň okuwçy oglan-gyzlar toparlary eýelediler. Şeýlelikde, birinji orny eýelän türgenler döwlet derejesindäki ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Da\oguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Sport Spartakiadanyň çäklerinde
12.01.2026   91
Sport Pälwanlar özara bäsleşdiler
18.06.2025   183
Sport Spartakiadanyň welaýat tapgyry
20.12.2022   388
Sport Gyzgalaňly geçen ýaryş
17.09.2024   355
Sport Birinjilik ugrunda bäsleşdiler
24.03.2025   292
image