Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda
weather dashoguz 8° C Daşoguz

Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda

Jemgyýet
12.08.2024  360

Şu ýylyň 1-nji awgustyndan ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda  hem mekdep bazarlary, göçme söwda nokatlary hereket edip başlady.

Şadyýan tomsuň ahyrky aýy çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda ak mekdebe zerur bolan harytlary satyn alýan çagajyklaryň ýüzlerindäki şatlygy olaryň okuw ýylyna batly gadamlar bilen barýandygyny alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, mekdep harytlaryny halkymyza sanly ulgam arkaly hödürlemek we eltip bermek hyzmatlary hem ýola goýuldy. Häzirki wagtda welaýatda göçme söwda nokatlary hereket edip, olarda okuwçy we talyp ýaşlara zerur harytlar bar.

Ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösdürilmegi netijesinde, bu harytlaryň köp böleginiň öz ýurdumyzda öndürilendigini bellemek möhümdir. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýurdumyzda öz önümleri bilen tanalýan «Ýeňiş», «Gala» ýaly tikin fabrikleriniň tikin we «Röwşen» hususy kärhanasynyň aýakgap önümleri ilata elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen dürli görnüşli depderler, gündelikler özüniň göze gelüwliligi hem-de elýeterdigi bilen tapawutlanýar.

Şu ýylyň 5-nji sentýabryna çenli dowam etjek mekdep bazarlarynyň gyzgalaňly söwdasyny synlanyňda, halkymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, şol sanda bazar bolçulygynyň berekedine bolan buýsanjyň has-da artýar. Täze okuw ýylynyň öň ýanyndaky bu gyzgalaňly möwsüm welaýatda guramaçylykly dowam edýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Edepli  ile ýarar
17.02.2025   266
Jemgyýet Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär
11.07.2025   158
Jemgyýet Kalplary ylhamly bagtyýar ýaşlar
25.03.2025   266
Jemgyýet Tomus — 2025
20.06.2025   204
Jemgyýet Maňlaýa sylmaly mukaddeslikler
21.01.2025   246
Jemgyýet Köneürgenjim — taryhym hem buýsanjym
14.01.2025   275
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirildi
30.12.2025   81
image