Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda

Jemgyýet
16.08.2025  201

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. 1-nji sentýabryň öňýanyndaky günlerde ýakymly alada bilen gurşalan ene-atalar perzentlerini okuw esbaplarydyr lybaslary bilen tükel üpjün etmek üçin başagaý bolýarlar. Aýratyn hem, 1-nji synpa barjak çagajyklar şol arzyly güne ýakymly tolgunma bilen garaşýarlar. Hatda ýokary synpdaky okuwçylar hem ak mekdebiň gapysyndan ilkinji gezek barýan ýaly, uly tolgunma bilen taýýarlyk görýändirler. Depder, galam, kitap daşlyklarydyr mekdep lybaslaryny, umuman, täze okuw ýylyna zerur ähli närseleri bir ýerden söwda etmek isleýänler ýurdumyzyň bazarlarydyr dükanlarynda, söwda nokatlarynda gurnalan mekdep bazarlaryna geläýmeli.

Mekdep bazarlary dürli görnüşli harytlary bir ýerden satyn alyp bolýandygy bilen hem-ä müşderileriň wagtyny tygşytlaýar, hem-de körpejeleriň göwün halan harydyny saýlap bilmegine mümkinçilik berýär. Şu günler Daşoguz welaýatynyň  etrapdyr şäherlerinde öz işine başlan mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary has-da köp adamly. Mekdep bazarlarynda halka hödürlenilýän ýokary hilli harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzyň telekeçileridir önüm öndürijileri tarapyndan öndürilendigini aýratyn nygtamak zerur. Göze gelüwliligi, amatly bahasy bilen alyjylaryň göwnünden turýan, ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli dokma önümleri we taýýar egin-eşikler ekologiýa taýdan arassa önüm bolmak bilen, çagalaryň saglygyna oňaýly täsir edýär.

Bu ýerde söwda edýän bagtyýar talyp ýaşlara, ene-atalary bilen egin-eşik saýlaýan şadyýan çagalara häli-şindi duş gelmek bolýar. Bir söwda nokadynda mekdep harytlarynyň ähli görnüşini satyn almak üçin döredilen mümkinçilikleriň alyjylaryň göwnünden turýandygy hakynda söhbetdeş bolan bagtyýar raýatlarymyz buýsanç bilen gürrüň berýärler.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy
17.01.2025   370
Jemgyýet Dabaraly maslahat
10.11.2025   130
Jemgyýet «Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!»
24.12.2025   181
Jemgyýet Parahatçylygyň aýdyň ýoly
10.01.2026   112
Jemgyýet Behişdi bedewleriň çeper waspy
03.03.2026   109
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
07.04.2026   52
Jemgyýet Görelde mekdebi
10.12.2025   135
Jemgyýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
16.03.2026   72
image