Medeniýetiň we sungatyň dabaralanýan mekany
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Medeniýetiň we sungatyň dabaralanýan mekany

Medeniýet
23.06.2026  49

Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni hem dürli wakalara baý boldy. Irden Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde «Hatyrasy belent halypalar» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda «Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti» atly maslahat geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasy köp adamly boldy. Bu ýerde «Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Degişli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri ýörite baýraklara mynasyp boldular. Ýurdumyzyň halypa we ýaş şahyrlarynyň «Ylham joşguny» atly edebiýat agşamy has-da täsirli boldy.

Edebi-sazly çykyşlarda, çeper okaýyşlarda häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň, türkmen bedewleriniň waspy ýetirildi.

Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda halk aýdym-sazlary, estrada aýdymçylarynyň çykyşlary  folklor toparlarynyň özboluşly tanslary bilen utgaşdy.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Bedew rowaýaty» atly sahna oýnunyň görkezilişi hepdeligiň ikinji gününiň jemlemesi boldy.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Dost-doganlyk mukamlary ýaňlandy
17.04.2024   510
Medeniýet Geçmişden gaýdan owaz
02.03.2026   118
Medeniýet «Çalsana, bagşy! — 2025»
13.06.2025   467
Medeniýet Sallançagyň badyndan
17.09.2025   264
Medeniýet Döwrüň talabyndan ugur alyp
28.11.2022   513
Medeniýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
24.04.2024   713
Medeniýet Halypa bagşyny ýatlap
24.07.2025   380
image