Şygyr ussady —paýhas hazynasy
Türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran, halkyň kalbynda baky ýaşaýan beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragydyr. Ol diňe bir söz ussady bolman, eýsem, türkmen halkyny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak meselesini bütin aýdyňlygy bilen ilkinji bolup gozgan beýik akyldardyr. Pyragynyň döredijiligi tutuş bir halkyň durmuş mekdebi, pelsepesi we ruhy baýlygydyr.
Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwri türkmen halkynyň taryhynyň iň kyn we agyr döwürlerine gabat gelipdir. Dagynyklyk, içerki dawalar we daşarky gysyşlar halkyň agzybir bolmagyny talap edipdir. Şahyr özüniň şygyrlary bilen tire-taýpa gapma-garşylyklaryna garşy çykyp, halky bir supranyň başynda jemlemäge çalşypdyr. Onuň meşhur «Türkmeniň» şygrynda:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —
diýilýär. Bu setirler bütin bir milletiň geljekki ykbalyny, garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-hyýallaryny özünde jemleýär.
Şahyryň şygyr ussatlygy onuň özünden öňki we öz döwründäki arap-pars sözleriniň täsirindäki agyr edebi dilden tapawutlylykda, öz eserlerini halkyň gürleýän janly dilinde ýazanlygyndadyr. Akyldaryň döredijilik dünýäsiniň esasy aýratynlygy — durmuşyň many-mazmuny, adamkärçilik, wepalylyk, adalatlylyk baradaky pelsepewi oýlanmalara, gözellikleri, tebigaty, halkyň gahrymançylygyny wasp edýän watançylyk duýgularyna, şeýle hem ýaş nesillere dogry ýol görkezmek, ulyny sylamak, kiçini ezizlemek ýaly sypatlary ündeýän öwüt-nesihata baýlygyndadyr.
Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde akyldar şahyryň şygryýet güni hem bellenilýär. Akyldaryň şan-şöhraty taryhyň sahypalarynda we ynsan kalbynda ebedi ýaşaýar.