​​​​​​​Medeniýet işgärleri gallaçylaryň arasynda
weather dashoguz 37° C Daşoguz

​​​​​​​Medeniýet işgärleri gallaçylaryň arasynda

Ykdysadyýet
27.06.2025  214

Häzirki wagtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär. Şu günlerde atyz-meýdanlarda zähmet çekýän kärendeçi daýhanlara, kombaýnçylara, ulag sürüjilere günortanlyk arakesme wagtynda aýdym-sazly çykyşlar bilen olaryň ýadawlygyny aýyrmak, armasyny ýetirmek maksady bilen medeni hyzmat guralýar. Munuň özi galla hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almak işiniň ýokary depgine eýe bolmagyna düýpli ýardam berýär.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda geçirilen şeýle dabarada zehinli aýdymçylar Jeren Amanowa, Arzygül Duşemowa, Geldimyrat Soltanmyradow, Oraz Baýarow, Magsat Meredow, Perman Babajanow dagy öz şirin owazlary bilen çykyş eden bolsalar, folklor toparynyň agzalary Ogulsuraý Arazowa, Ogulnur Kakabaýewa, Bäşim Gaýypow, Geldimyrat Öwezow we beýlekiler joşgunly tanslary ýerine ýetirip, hemmeleriň alkyşyna mynasyp boldular. Şonuň ýaly-da, bu ýerde medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy, kärendeçilere, kombaýnçylara, ulag sürüjilere Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk otlardan taýýarlanylan melhem çaý hödürlenildi. Dabarada öňdebaryjy kombaýnçylara, mehanizatorlara, sürüjilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şunlukda bu çäre galla oragyny üstünlikli geçirip, bellenilen sepgitlere abraý bilen ýetilmegine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän gallaçylary has-da gaýratly zähmet çekmeklige ruhlandyrdy.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň möhüm pudagy
24.12.2024   275
Ykdysadyýet Töleg hyzmatlarynyň gerimi artýar
16.03.2024   378
Ykdysadyýet Ak piläniň bereketli hasyly
22.05.2025   206
Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   325
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan
25.04.2024   330
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
01.07.2025   246
Ykdysadyýet Tebigat
03.01.2025   323
image