Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün

Medeniýet
24.06.2026  54

24-nji iýunda Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Şol gün ir bilen Medeniýet hepdeligine gatnaşýan döredijilik işgärleri Hazar deňzinde gämili gezelenç etdiler. Munuň özi soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözel görnüşini we bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny, gojaman deňziň giňişliklerini synlamak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

Medeniýet hepdeliginiň köpöwüşginli çäreleri welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde ýurdumyzyň suratkeşleriniň “Sungat gözelligi — ylham çeşmesi” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň dürli ugurlar boýunça döreden eserleri bu ýerde guralan serginiň täsirli pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşydaky medeni-sport toplumynda çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy. Balkan welaýatynyň çagalar döredijilik toparlarynyň “Bagtyýar nesilleriň owazy” atly aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şeýle hem bu ýerde medeniýet we sungat ulgamy boýunça baý tejribe toplan sungat ussatlarynyň ýaş nesiller bilen duşuşygy geçirildi. Sungat ussatlary körpe artistlere özleriniň iş we durmuş tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni dürli ugurlary öz içine alýan medeni-köpçülikleýin çärelere baý boldy. Hepdeligiň maksatnamasynda duşuşyklara we beýleki çärelere giň orun berildi. Ýurdumyzyň şahyrlarynyň deňziň kenarynda aýdyşyk görnüşindäki çykyşlary has-da täsirli boldy.

Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki Medeniýet öýünde ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň “Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!” atly konserti hepdeligiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu ýerde türkmen halkynyň taryhyň dowamynda we häzirki döwürde hem netijeli ulanylýan milli saz gurallarynyň sergisi guraldy.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda guralan “Şadyýan şahandazlar” atly döredijilik bäsleşiginiň jeminiň jemlenmegi taryhy pursatlaryň üstüni ýetirdi. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda halk teatrlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy. Bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýerde “Ene wesýeti” atly sahna oýny görkezildi.

Türkmenbaşy etrap medeniýet merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadagly Watanymyz — dillerde dessanymyz” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar häzirki döwürde milli medeniýetiň, çeper döredijiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda edilýän aladalaryň netijesinde, milli döredijilik ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykarylýandygyny bellediler. Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri we döwürdeş ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň döredijilik işi barada pikir alyşmalar boldy.

Medeniýet hepdeligi Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Konsert Medeniýet hepdeliginiň üçünji gününiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlarda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylýan üstünlikleriň waspy ýetirildi.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Sungat ojagyndaky bäsleşik
21.10.2025   180
Medeniýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
24.04.2024   713
Medeniýet Alajalar nagyş hökmünde
09.01.2023   1333
Medeniýet Gadymy sungatyň ýaş muşdaklary
06.06.2026   74
Medeniýet Şygryýet äleminiň çyragy
10.06.2024   636
Medeniýet «Çalsana, bagşy!»
25.04.2024   609
image