25-nji iýunda, Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň çäklerinde irden “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Döredijilik forumyna gatnaşyjylar Watanymyzyň geçmişini taryhy-medeni ýadygärlikleriň üsti bilen öwrenmekde arheologiýa ylmynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, bu barada alym Arkadagymyzyň: «Arheologiýa bizde ylmyň ösüşi üçin geljegi has uly bolan pudaklaryň biridir. Munda geljek nesilleriň, janypkeş barlagçylaryň öňünde ylmy açyşlar etmäge döredijiligiň giň meýdany açylýar» diýen jümlelerine ýüzlendiler. Giň gerimli işleriň çäklerinde halkara ähmiýetli milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagynda hereket edýän taryhy-medeni goraghanalar tarapyndan ylmy-arheologik barlag işleri alnyp barylýar. Hünärmenleriň toplan täze ylmy maglumatlary, tejribeleri barada maslahatlar guralýar. Medeniýet hepdeliginiň çäginde “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda meýdan şertlerinde guralan “Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary” atly ylmy-usulyýet maslahatyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Onuň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan gadymy Balkan topragynda saklanyp galan arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ýerine ýetirilen işler hem-de öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy.
Hepdeligiň dördünji gününde Balkan welaýat kitaphanasynda täze neşir edilen we sesli kitaplaryň, täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kitabyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent maksatlaryny amal etmekde-de kitabyň hyzmatyna, kitaphana işgärleriniň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Diýarymyzda öňdebaryjy tehnologiýalara, iň gowy dünýä tejribesine esaslanýan ýörelgelere laýyklykda, sesli kitaplar, täze döredilen elektron kitaplaryň saýty halk köpçüligine ýetirildi. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar olar bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Hepdeligiň dördünji gününiň maksatnamasyndaky çäreler Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Onda ýaş zehinler çeper döredijilige, milli sungata bolan höwesini görkezdiler. Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, žurnalistleriň, şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifingiň başynda ilkinji gezek emeli aň esasynda taýýarlanylan hem-de saz we ses serişdeleri bilen bezelen wideorolik görkezildi. “Emeli aňyň ösýän şertlerinde media ulgamynda täze mümkinçilikler” diýlip atlandyrylyp, utgaşykly görnüşde geçirilen brifingde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyzyň durmuşyna döwrebap innowasiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny nygtadylar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyşlarynda türkmen kärdeşlerine Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçýändigi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de onuň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, emeli aňyň mümkinçiliklerini ykdysadyýetiň pudaklaryna, şol sanda ýaşaýyş-durmuşymyzyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Umuman, brifing işjeň we netijeli häsiýetde geçip, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan çäreleriň hatarynda mynasyp orna eýe boldy.
Giň gerimli döredijilik forumynyň dördünji gününiň medeni çäreleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda jemlendi. Bu ýerde kino sungatynyň ussatlary bilen duşuşyk geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmiň görkezilişi boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar milli kino eserleriniň kämil derejä ýetirilmegi we onuň halkara giňişlikde ykrar edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra bu ýerde Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan taýýarlanylan filmiň görkezilişi boldy. Ol medeni çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.
Şeýlelikde, Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni hem gyzykly we özüne çekiji wakalary bilen olara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.