Halkyň medeniýetini döretmek, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygrynda «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň medeni durmuşa gatnaşmaga, olar üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna bolan konstitusion hukuklarynyň goralmagyna we üpjün edilmegine gönükdirilendir, medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Medeniýet hakyndaky kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp, onuň wezipeleri ýurdumyzyň raýatlarynyň medeniýet babatdaky işine bolan konstitusion hukugyny üpjün etmekden we goramakdan, döwlet syýasatynyň medeniýet babatdaky ýörelgelerini kesgitlemekden, medeni gymmatlyklaryň raýatlar üçin erkin elýeterli bolmagyny üpjün etmekden, medeniýet işiniň subýektleriniň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalaryny we ýörelgelerini kesgitlemekden, Türkmenistanyň halkynyň medeniýetini aýawly saklamak we ösdürmek, medeniýeti döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk esaslary üçin hukuk binýadyny döretmekden ybaratdyr.
Türkmen halkynyň medeni mirasy — geçmişde döredilen estetiki, durmuş-medeni, taryh, arheologiýa, binagärlik taýdan we gaýry nukdaýnazarlardan gymmatlyk bolup durýan, türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygyny saklamak we ösdürmek üçin ähmiýeti bolan medeni gymmatlyklardyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeni mirasymyzyň aýawly saklanylmagyna döwletimiz tarapyndan uly üns berlip, medeni mirasymyzy aýap saklamagyň hukuk goraglylygy milli kanunçylygymyzyň kadalarynda berkidilendir. 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda kabul edilen «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynda: «Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri olaryň ýok bolup gitmeginiň, olary bellige alan maddy göterijä zyýan ýetirilmeginiň ýa-da weýran edilmeginiň öňüni almak, olary peýdalanmagyň ýerini üýtgetmegiň bellenen kadalarynyň bozulmagynyň, milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine zyýan ýetirip biljek beýleki hereketleriň öňüni almak, şeýle hem olary beýleki ýaramaz täsirlerden goramak maksady bilen, döwlet tarapyndan goralmaga degişlidir» diýlip bellenen.
Medeni mirasymyzy aýap saklamak babatda kanunçylygyň düýp mazmunyny raýatlara düşündirmek, ony wagyz-nesihat etmek prokuratura işgärleriniň borjy bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Daşoguz welaýatynyň çägindäki edara-kärhanalarda, orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, ilat arasynda yzygiderli wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri geçirilýär.