Maslahat geçirildi
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Maslahat geçirildi

Jemgyýet
02.10.2025  132

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň we «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň guramagynda umumybilim berýän orta mekdeplerde bedenterbiýe sapaklaryny okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň bilim we sport edaralarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, etrapdyr şäherlerdäki orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň arasynda sport işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem, maslahatda orta mekdeplerde bedenterbiýe sapaklaryny okatmagyň usuly gollanmalaryny kämilleşdirmek, okuwdan daşary geçirilýän köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak hakynda gürrüň edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Parahatçylygyň aýdyň ýoly
10.01.2026   96
Jemgyýet Ulag ulgamynyň ygtybarly geljegi
23.08.2025   222
Jemgyýet Asylly terbiýe — gymmatly miras
24.02.2025   276
Jemgyýet Gurt
29.01.2026   101
Jemgyýet Arşyň ganaty — döwrüň şöhraty
27.04.2026   26
Jemgyýet Sarpaly bedewler
15.04.2024   555
Jemgyýet Akyldaryň hasyl bolan arzuwy
02.06.2025   215
image