Maslahat geçirildi
weather dashoguz 6° C Daşoguz

Maslahat geçirildi

Jemgyýet
02.05.2024  525

TDP-niň Daşoguz welaýat, Daşoguz şäher komitetleriniň Daşoguz şäher häkimligi hem-de şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy döwürde belent maksatlary» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ugurlary babatda gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Jemgyýetimiziň abadançylygy, gülläp ösüşi, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlar, ýurdumyzyň bagtyýar geljegi bolan ýaşlar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar, tagallalar dogrusynda nygtaldy.

Täsirli çykyşlar Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary bilen utgaşdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şadyýan tomus
17.07.2024   515
Jemgyýet Ylym-bilim — ynsan zynaty
13.04.2026   176
Jemgyýet Özgerişlere bagyşlanan maslahat
28.04.2026   146
Jemgyýet Ulgamy ösdürmegiň wezipeleri
14.02.2025   408
Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
06.09.2024   417
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   430
Jemgyýet Baýramçylygyň taryhy
21.12.2024   435
image