Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagynda köp çagaly maşgalalaryň arasynda geçirilen sport ýaryşynyň maksady hem şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.
Daşoguz welaýat merkezindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen ýaryşa welaýatyň etraplaryndan we Daşoguz şäherinden maşgala toparlarynyň köp sanlysy gatnaşdylar. Sport ýaryşynyň dowamynda toparlar özara bäsleşip, özleriniň çeýeligini, çalasynlygyny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşyň dowamynda Daşoguz şäheriniň «Zaman» topary birinji, Boldumsaz etrabynyň «Pälwan» topary ikinji, Ruhubelent etrabynyň «Ruhubelent» topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.