Maşgala mukaddesligi wagyz edildi
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Maşgala mukaddesligi wagyz edildi

Jemgyýet
15.08.2024  242

Şu günler taryhy döwrümiziň şanly ýylyny dabaralandyrmak hem-de ýurdumyzda maşgala gatnaşyklarynyň binýadyny berkitmek, maşgala mukaddesliklerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda wagyz-nesihat maslahatlary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

«Maşgala mukaddesligi — öý-ojaklarymyzyň gelşigi» atly şygar astynda golaýda Boldumsaz hem-de Akdepe etraplarynyň medeniýet merkezlerinde  geçirilen şeýle maslahatlar ýokary guramaçylyk häsiýetine eýe boldy. Maslahatlarda Mejlisiň zenan deputatlary, mährem eneler, RÝNÝ bölümleriniň başlyklary, zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary çykyş edip, maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler dogrusynda uly buýsanç bilen bellediler.

Ýurdumyzda bu ugurdaky belent tutumlaryň maşgala mukaddesligi bilen bagly wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekde, maşgalada agzybirligi pugtalandyrmakda, ýaş maşgalalary goldamakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtalyp, hemmeleriň bu babatda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmagy ündew edildi. Gün tertibinde seredilen meseleler boýunça sowal-jogap alşyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baş baýramyň şanyna
09.09.2025   59
Jemgyýet Wagtlaryny hoş geçirýärler
10.06.2024   275
Jemgyýet Taryhyň gadymy kökleri
21.11.2024   255
Jemgyýet «Myradym nesihat etmekdir halka»
09.07.2024   251
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
05.09.2025   83
Jemgyýet Dünýä dursun parahat!
16.07.2025   1286
image