Golaýda Görogly etrap kazyýetiniň guramagynda Görogly şäher Geňeşiniň jaýynda «Maşgalam – baş galam» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, maşgalanyň binýadyny berkitmek, onuň bitewüligini we agzybirligini gorap saklamak babatda döwlet derejesinde edilýän uly aladalar dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Maşgalanyň binýadyny berkitmekde, nikanyň bozulmagynyň öňüni almakda Maşgala kodeksinden gelip çykýan talaplar düşündirildi. Şonda nikanyň aýalyň göwrelilik döwründe we bir ýaşyna ýetmedik çagasy bolanda, onuň razylygy bolmazdan, şeýle hem är-aýalyň biri hossar bolsa, nika kämillik ukyby ýok adamyň hossarynyň arzasy boýunça bozulyp bilinmeýändigi barada kadalaryň göz öňünde tutulýandygy, maşgalanyň goralmagy babatynda kazyýetlere hem borçlaryň ýüklenendigi, nika bozmak hakynda işlere seredilende, är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklamak üçin zerur çäreleri görmäge, zerur halatlarda alty aýa çenli möhlet belläp, işe seretmegi gaýra goýmaga borçlandyrýandygy barada nygtaldy. Munuň iş tejribesinde özüniň oňyn netijesini berendigi durmuş hakykatynyň üsti bilen beýan edildi.