Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär
weather dashoguz -2° C Daşoguz

Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär

Jemgyýet
11.10.2024  286

Maşgala mukaddesligini, maşgaladaky gatnaşyklaryň gymmatyny wagyz etmek maksady bilen, golaýda Daşoguz welaýatynyň  Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet merkezinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap guramasynyň guramagynda geçirilen maslahata etrabyň edara-kärhanalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, mährem eneler, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Maslahatda guralan çykyşlarda maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Maşgaladaky köptaraply gatnaşyklar, maşgala mukaddesligini berkarar etmek, binýadyny berkitmek, sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegini gazanmak babatda zenanlara bildirilýän talaplar, maşgala gymmatlygyny gorap saklamakda eneleriň orny, ýaş gyzlary zähmete werziş, el hünärlerine yhlasly edip ýetişdirmek, olarda asylly häsiýetleri terbiýelemek barada durmuşy mysallara salgylanylyp täsirli söhbet edildi.

Maslahatyň gün tertibinde seredilen meseleler boýunça sowal-jogaplar alşyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Zenanlar guramasynda
12.10.2024   275
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat
26.12.2024   235
Jemgyýet Ismiň düşmüş ilden-ile
10.07.2024   285
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   331
Jemgyýet Ökdeler öňe saýlandy
28.01.2025   213
Jemgyýet Ylym-bilime giň ýol
20.12.2025   45
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
06.01.2025   273
image