Geçmişden gaýdan, kä ýeri çarkandakly, kä ýeri düz ýola ser salsaň, ynsan ömri hakda çuň oýa batanyňy duýman galýarsyň. Mahal-mahal akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly, çig süýt emen adamzat ruhy şatlykdan sermest bolup segrese, sähelçe näsazlykda gama batyp, ýol ýitirmek derdine uçrap ýör. Bir görseň, adam diýilýän närse juda näzik — sähelçe zada ýarym-ýaş bolup, bagryny daglap dur, bir görseňem, juda ýowuz güýjüň, sarsmaz erkiň eýesi — dagy-daşy lerzana getirmäge taýýar. Adam göwnüniň näderejede näzikligine düşünmek üçin geçmişden geljege paýapyl bolup duran şahyrlarymyzyň döredijiligine ser salmak ýeterlik. Dana şahyr Pyragy: «Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,//Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar» diýip, bihuda ýere aýtmandyr. Köňül islegi bilen edilen ýagşy işleriň il-halkyň rowaçlygyna öwrülýändigini nygtamak isläpdir. Açyk göwnüň, päk ýüregiň, bir başa gulluk etmegiň näderejede ýeňilmez güýje eýedigini ynsan ogluna pent edipdir.
Köňli açygyň öňünde sap-sap bolup gelen leşgerleriň pälinden gaýdyp, haka gulluk edýändigi, men-men diýen pälwanlaryň dyzyna çökýändigi hakynda nusgawy eserlerimizde kän okapdyk. Taryh bulara telim sapar şaýat bolupdy. Olar, göräýmäge hyýaly närse ýaly bolup görünse-de, durmuşdan sapak alarlyk, many çykararlyk terbiýäni berip dur. Dana şahyr Pyragy bu ýagdaýy: «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär,//Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar» diýip, adam ogluna üç ýüz ýyl mundan öň ömürbaky pent bolarlyk möhür basypdy.
Elbetde, adam bar ýerinde dostam bar, duşmanam bar. Olar bile ýaşap, bile ömür sürüp ýörler. Ýöne çyn dostlugyň öňünde Kerim şahyr aýtmyşlaýyn, iň güýçli duşmanyňam «Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem,//Ýetersiň iň uly matlaba çenlem» diýip, özüniň ýeke galandygyny bilip müzzerýän halatlary az bolmandyr. Dostlugyň sarsmazlygy halallykdan, kalby päklikden, göwni aklykdan gözbaş alýar. Hak patasyny alanlar dostluga ömürlik ygrarly bolupdylar. Neneň onsoň onuň öňünde dyza çökmejek.
Kerim şahyr:
Nämäň alnyndanmyş gadyrsyz dostluk!
Dostuňa ýüregiň töründen ýer goý!
Bir bölek zer tapsaň, bir bölegem mis —
Misi özüňe al, dostuňa zer goý! —
diýen mahaly müň keren mamlady. Gadyrly dostuň öňünde dyza çökmegem, ýalbarmagam, keşigini çekmegem kiçilik däl. Şahyr ynsanlaryň içinde ýene ikisi hakynda ýürek sedasyny şeýle beýan edýär:
«Ýene iki merde ýalbarmak bolar» —
Diýdiler — «ene hem atadyr olar».
«Ataňa ýalbarsaň — galkynar ruhy».
«Eneňe ýalbarsaň — kemeler ahy»,
«Kim etse şolara tagzym» — diýdiler,
«Işi rowaç, ýasy uzyn!» diýdiler.
Juda jaýdar aýdylan sözler. Ak süýt berip, telim gijeler ukusyz ulaldan mähriban eneň, goýazy erkeklik terbiýäni gursagyňa guýan kyblaň — ataň, heran-haçan kejebäň daralyp, özüňi ýeke duýan pursadyňda daşyňda egrilip duran dostlaryň, iliň-günüň — bular maňlaýa sylmaly mukaddeslikler ahyry. Şolaryň başy jemlenende Watan mukaddesligi bilen sepleşip gidýär. Şu ýerde akyldar Pyragynyň:
Watanymda han idim,
Hanlara perman idim,
Dertlere derman idim —
diýen setirleri biygtyýar ýada düşende, daşyňda belent dag bar ýaly duýulýar. Ynsan kalbyny heýjana salýan bu setirler köňül gözgüsinden joşup çykan tenekar suwa çalymdaş. Megerem, ýokardaky mukaddesliklere gözbaş bolan halallyk, arassalyk, päklik ynsanyň ýagty geljege bolan aýdyň ýoluny gurandyr.