Maldarlaryň zähmet üstünligi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Maldarlaryň zähmet üstünligi

Ykdysadyýet
08.05.2026  143

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek, şeýlelikde, mallaryň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksadynda gaýratly zähmet çekýän Daşoguz welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň maldarlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsüminde guwandyryjy netijelere eýe boldular. Has anygy, olar şu döwürde birleşigiň hasabynda bar bolan dowarlardan 27639-a derek 27671 sany owlak-guzy, düýelerden 917 sany baş sagdyn köşek alyp, bu baradaky meýilnamalary abraý bilen berjaý etdiler.

Gazanylan üstünlige birleşigiň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garagum», Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynyň Garagum çölüniň jümmüşinde mal bakýan zähmetsöýer çopanlarynyň onlarçasy uly goşant goşdular. Olaryň hatarynda «Garagum» maldarçylyk hojalygyndan tejribeli dowar çopanlary Nurmuhammet Satdyýew, Abdylla Geldiýew, düýe çopanlary Täçmyrat Goşaýew, Şyhmyrat Baýramow, «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygyndan öňdebaryjy dowar çopanlary Öwezmuhammet Baýramow, Şalar Şirnazarow, düýe çopanlary Tuwakberdi Arazow, Toýly Tuwakow dagyny görkezmek bolar. Özleriniň yhlasly zähmetleri arkaly ýeten bu belent sepgitlerini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgat hasaplaýan birleşigiň maldarlary öndürilen owlak-guzularyň, köşekleriň ählisini ösdürime goýberip, olardan sagdyn mallary ýetişdirmegiň aladalaryna girişdiler.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Kömelegiň bereketli hasyly
27.10.2025   185
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   291
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
25.11.2025   172
Ykdysadyýet Ýaşyl öwüsýän meýdanlar
12.11.2024   310
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
14.03.2025   316
Ykdysadyýet Gowaça ekişi öndürijilikli barýar
23.04.2024   354
Ykdysadyýet Görkana gülleriň aşygy
14.03.2025   325
image