Dowarlaryň, düýeleriň baş sanyny artdyrmak, önümçiligini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň maldarlarynyň öňünde goýýan esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak maksadynda, Daşoguz welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Garagum sährasynda zähmet çekýän maldarlary hem netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Bu barada birleşigiň esasy hünärmeni Annageldi Ýazberdiýew şeýle gürrüň berdi:
— Bahar pasly ýurdumyzyň ähli maldarlary, şol sanda biziň çopan-çoluklarymyz üçin hem örän jogapkärli, aýgytly döwür bolýar. Çünki onuň dowamynda mallaryň baş sanyny artdyrmakda aýratyn orna eýe bolan dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi geçirilýär. Bu çäräni üstünlikli geçirmek ýeňil bolmasa-da, maldarlar üçin gyzgalaňly pursatlary, guwandyryjy netijeleri getirýändigini aýtmak gerek.
Belli bolşy ýaly, häzirki günlerde önümçilik birleşigimiziň hasabyndaky Görogly etrabynyň çägindäki «Garagum» hem-de Şabat etrabynda ýerleşýän «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary Garagumuň Mürzeçyrla, Akmolla, Damla, Ataguýy, Yslam, Sözenli we beýleki ýaýlalarynda bu möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. Olaryň yhlasynyň ýerine düşýändigini bu möhüm çäräniň başyndan bäri gazanylan netijeler hem anyk görkezýär.
Ýeri gelende nygtasak, şu möwsümde birleşigimiz boýunça bar bolan 32951 ene dowardan 27639 baş owlak-guzy, 2037 ene düýeden 917 baş köşek almak meýilleşdirildi. Bu şonda «Garagum» maldarçylyk hojalygynda 16606 owlak-guzy, 530 köşek, «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynda 11033 owlak-guzy, 387 köşek alynmaly diýildigidir. Şonuň ýaly-da bu owlak-guzularyň, köşekleriň ählisini ösdürime goýberip, olardan täze dowar, düýe sürülerini döretmek göz öňünde tutulýar.
Ýaňy aýdyşymyz ýaly, bu jogapkärli möwsümiň iş-aladalary, özüne mahsus kynçylyklary az bolmaýar. Şonuň üçin hem olara has öňünden, hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmeginiň uly ähmiýeti bar. Şuny nazara almak bilen, bu barada her bir maldarçylyk hojalygymyzda ýörite meýilnama düzülip, olar boýunça degişli işler öz wagtynda ýola goýuldy. Şonda şu möwsümde owlak-guzy, köşek öndürilmeli jemi 96 sany ene dowar, 36 sany düýe sürüleri bu döwürde bakmak üçin amatly, oty-çöpi bol, süýji suwly guýulary bolan öri meýdanlaryna geçirilip, olar zerur adam güýji, däri-dermanlar, tejribeli hünärmenleriň kömegi bilen ýeterlik derejede üpjün edildi. Bu hem häzirki wagtda öz oňat netijelerini berýär.
Şu ýerde ýene-de bir zady aýratyn belläp geçesim gelýär. Ýagny birleşigimize degişli dowarlaryň, düýeleriň hemmesi kärendeçilik usulynda idedilýär. Başgaça aýdylanda, olara ata-baba dowam edip gelýän çopançylyk käriniň eýeleri bolan maşgalalar öz tejribeli baştutanlarynyň ýolbaşçylygy bilen gözegçilik edýärler. Munuň şol maşgalalaryň ähli agzalarynyň şu möwsümiň netijelerine gyzyklanmasyny, onuň üstünlikli geçirilmegine ýardam bermäge höwesini has-da ýokarlandyrýar. Bu bolsa şeýle möhüm işde agzybirligiň, arkalaşygyň berk üpjün edilmegi bilen, umumy maksatlara ýetilmegine düýpli täsir edýär.
Birleşigimiziň maldarçylyk hojalyklarynda agzalan sürülere, maşgalalara ýolbaşçylyk edip, ýylyň-ýylyna gazanylýan ýokary netijelere saldamly goşant goşýan, şu möwsümi guwandyryjy netijeler bilen jemlejekdiklerine doly ynamy bolan tejribeli çopanlaryň käbiriniň atlaryny-da agzap geçsek örän ýerlikli bolar diýip, hasap edýärin. Ynha, olardan «Garagum» maldarçylyk hojalygyndan dowar çopanlary Gazakbaý Baýramow, Çary Ataýew, düýe çopanlary Atamyrat Işanberdiýew, Wepa Amankulyýew, «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygyndan dowar çopanlary Tirkeşbaý Tagangeldiýew, Artykmämmet Täçmämedow, düýe çopanlary Aşyr Aşyrow, Annaguly Nedirow we beýlekiler bu babatda uly hormata mynasypdyr.
Biziň aramyzda «Çopanyň her güni edermenlikdir» diýen, aslynda nakyl ýaly bolup giden bir söz bar. Dogrusyny aýtsaň, bu hakykatdan hem şeýledir. Çünki Garagumuň jümmüşinde mal yzynda ýören çopan-çoluklaryň ýadawsyz zähmeti muňa güwä geçýär. Birleşigimiziň maldarlarynyň hem şu ymgyr sähranyň giň ýaýlalarynda şeýle möhüm möwsümiň iňňän jogapkärli günlerini başdan geçirip, bitirýän işleri, gazanýan netijeleri şunuň bir mysaly diýsek ýalňyş bolmaz. Şonuň üçin hem biz olara çäksiz guwanýarys. Nesip bolsa, zähmetsöýer maldarlarymyz barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýan bu möwsümi üstünlikli jemlärler.