Maksatly menziller
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Maksatly menziller

Jemgyýet
25.07.2025  245

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynda Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri lukman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň giňden dabaralanýandygyny we ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ýaly wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy dogrusynda giňişleýin nygtap geçdiler.

Lukmançylyk ulgamynda gazanylýan sepgitleriň sergisiniň guralmagy maslahatyň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

Soňra saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy, has-da tapawutlanyp zähmet çekýän lukmanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Il-halkyň myrady
28.04.2026   104
Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
13.09.2025   195
Jemgyýet Gözel tebigatyň goragynda
08.04.2024   441
Jemgyýet Bedew bilen beýgelýän döwür
29.07.2026   81
Jemgyýet Milli mukaddeslikleriň şanyna
16.05.2024   438
image