Mähribanlygyň işjeňlikdäki beýany
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Mähribanlygyň işjeňlikdäki beýany

Jemgyýet
01.02.2025  336

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ýylyň-ýylyna yglan edýän «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň golaýynda Daşoguz welaýatynyň  Akdepe etrap tapgyry Andalyp şäher medeniýet merkezinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Bäsleşige gatnaşýan zenanlar bellenen ugurlar boýunça özleriniň başarnyklaryny, mümkinçiliklerini açyp görkezdiler. Bäsleşigiň zenanlaryň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny ýokarlandyrmakda, olaryň döwür bilen arabaglanyşygyny berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Akdepe etrap zenanlar guramasynyň guramagynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna gatnaşan zenanlar bellenen şertlere laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe el hünärini dikeltmekde we kämilleşdirmekde, ýaş nesli halal zähmete ygrarly, Watana wepaly edip terbiýelemekde, gujurly hem tutanýerli zähmeti bilen ýokary guramaçylyk ukybynyň, harby we hukuk goraýjy ulgamda işjeňligiň belent nusgasyny görkezmekde başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Bäsleşik turuwbaşdan baý mazmunlylygy bilen tapawutlandy. Zenanlar bagtyýar döwrümizde özleri hakda edilýän aladalara zähmetsöýerligiň, işjeňligiň döwrebap nusgasyny görkezmek bilen jogap berýändiklerini çeper sözler bilen beýan etdiler.

Şeýle mazmundaky bäsleşik welaýatyň Boldumsaz, Köneürgenç,  Saparmyrat Türkmenbaşy, Görogly, Şabat etraplarynda-da ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylara TKA-nyň etrap birleşmeleriniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Etrap medeniýet merkezleriniň aýdymçy-sazandalarynyň çykyşlary bäsleşige gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn durmuş — ömrüň bezegi
13.02.2026   119
Jemgyýet Dünýä ýaň salan şäher
13.09.2024   492
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
06.09.2024   338
Jemgyýet «Awazada» guralan okuw maslahaty
04.03.2025   335
Jemgyýet Hurma
04.06.2025   274
Jemgyýet Ýörelgämiz — sagdyn durmuş
08.04.2026   103
Jemgyýet Maksatly menziller
25.07.2025   234
image