23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlaryny diňledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz hökümet agzalarynyň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňledi we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi:
– Milli Geňeş Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işlere kanunçylyk goldawyny bermeli;
– maliýe-ykdysadyýet we bank toplumynyň edaralarynyň işine berk gözegçiligi ýola goýmaly;
– ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly çäreleriň, şanly senäniň hormatyna geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmeli;
– «Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» Karardan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamaly;
– meýilleşdirilen ähli dabaraly çäreleriň geçirilmegine örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmeli we dürli maksatly täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmeli;
– baýramçylyk günlerinde bölek söwda satuwyny talabalaýyk derejede guramak üçin çäreleri görmeli. Şunda harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň we hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hiline aýratyn üns berilmeli;
– oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hem-de iri halkara forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmeli;
– bilim ulgamyndaky zerur bolan resminamalaryň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyk getirilmegine uly üns bermeli;
– özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bar bolan ýagdaýlary, onuň geljekki ugurlaryny nazara alyp, bu babatda ýerine ýetirilýän işleri degişli derejede dowam etmeli;
– häzirki döwürde halkymyzyň amatly ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, adamlara ýolagçy ulaglarynda edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen işler yzygiderli häsiýete eýe bolmaly.