Mährem ýürekleriň buýsanjy
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Mährem ýürekleriň buýsanjy

Jemgyýet
06.03.2025  361

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de Halkara zenanlar gününi dabaralandyrmak maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde  guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda «Parahatlyk — bossanym, zenan bagty — dessanym» atly şygar bilen geçirilen dabara döredijilik işgärleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler halkara derejede giňden bellenilýän ajaýyp baýram mynasybetli ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çykyşlarynda bagtyýar durmuşyň, mährem zenanlaryň waspy ýetirildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtdan paýly körpeler
03.07.2025   387
Jemgyýet Ak ýollaryň asudalygy ugrunda
19.09.2025   193
Jemgyýet «Hemedan daş bolsa...»
05.11.2025   216
Jemgyýet Uzak ýaş — bagt peşgeşi
02.04.2026   121
Jemgyýet Kitaphana ulgamy döwrebaplaşýar
24.01.2026   166
Jemgyýet Gyzykly gezelenç çäresi
12.07.2024   450
Jemgyýet Söz dünýäsine seýran
02.12.2025   175
image