Gündogarda gaýtadan döreýiş medeniýetiniň ýüze çykmagynda we rowaçlanmagynda öz döwründe Aziýanyň altyn täji hasaplanan Gün şäheriniň — Köneürgenjiň ähmiýeti örän uly bolupdyr. Köneürgençde ýaşan alymlar, şahyrlar, heýkeltaraşlar, suratkeşler yslam medeniýetini görlüp-eşidilmedik ýokary derejä galdyrypdyrlar. Olara mysal edip Al-Birunyny, Musa al-Horezmini, Al-Farabyny, ibn Sinany, Hoja Ahmet Ýasawyny we beýlekileri ýatlamak mümkin. Şolaryň biri hem türkmen halkynyň arasynda Mahmyt pälwan, Pilmahmyt, Mahmyt ata, Ysmamyt ata ýaly atlar bilen belli bolan Mahmyt pälwandyr. Bu pälwan we onuň kakasy Pirýar weli hakda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem ýatlap geçýär. Mahmyt pälwan XIII-XIV asyrlaryň sepgidinde ýaşan, çawy äleme ýaýran, ýagyrnysy ömür ýere degmedik şahyrlaryň biri bolupdyr. Mahmyt pälwan özüniň edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, pähim-paýhasy bilen uly abraý gazanypdyr.
Taryhy maglumatlara görä, Mahmyt pälwan Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň gülläp ösen döwründe bu ýerde ýaşan, öz döwrüniň meşhur şahsyýetleriniň biri bolan weliniň ogludyr. Bu şahsyýet barada doly we takyk maglumatlar gelip ýetmedik hem bolsa, türkmen, özbek, rus alymlary Mahmyt pälwan barada ençeme golýazmalardan, halk arasynda gadymyýetden bäri aýdylyp gelinýän rowaýatlardan, hekaýatlardan peýdalanyp, onuň ýaşaýyş durmuşyny, edebi mirasyny dikeltmek üçin köp işleri edipdirler.
Köneürgenç Çingiz hanyň basybalyjy goşunlary tarapyndan weýrançylyga sezewar edilenden soňra, onuň ilaty dürli ýerlere göçüpdir. Pirýar weli hem maşgalasy bilen Hywa şäherine göçmegi müwessa bilýär. Şol wagt onuň aýaly hamyla eken. Olar Hywa barýarkalar, ýolda Horezmiň ozalky paýtagty bolan Kät (Kyýat) galasyna ýetenlerinde Pirýar weliniň ogly bolýar, ol oglanjyga Mahmyt diýip at dakýarlar. Mahmyt ýaşlygyndan milli göreşi, at çapmagy, gylyçlaşmagy, awa-şikara gitmegi gowy görüpdir. Ol 15 ýaşyna ýetende güýçli pälwan bolup ýetişipdir. Mahmyt pälwan diňe bir türkmen topragynda däl, eýsem, ýakyn we alysdaky döwletlerde hem pälwanlygy bilen meşhurlyga eýe bolýar. Ol Eýranyň, Horasanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň pälwanlaryny hem göreşde ýeňip, uly şöhrat gazanypdyr. Güýç synanyşmakda, akyl babatda hiç kim Mahmyt pälwan bilen bäsleşip bilmändir.
Rowaýatlara görä, ol özüne bäsdeş tapmak we güýç synanyşmak üçin kiçi we uly Aziýa, Kawkaza syýahat edipdir. Jahankeşdelik eden ýerlerinde göreş tutup, uly at-abraýa, şa serpaýlaryna mynasyp bolupdyr. Hindistanda gazanan ýeňişleri üçin hindi şasy oňa äpet pil sowgat edipdir. Ol şol pil bilen öz ýurduna dolanyp gelenden soňra, halk ony Pilmahmyt diýip atlandyrypdyr.
Ýene bir rowaýata görä, bir gezek ony goňşy ýurduň şasy tutuş Gündogarda belli bolan pälwanlar bilen ýaryşmaga çagyrýar. Mahmyt pälwan bu gezek hem gezek-gezegine ähli pälwanlar bilen göreşip, olaryň ählisinden üstün çykýar. Şa onuň adaty bolmadyk gujur-gaýratyna haýran galýar we oňa ýüzlenip:
— Aýt, pälwan, nähili baýrak gerek bolsa, islegiňi bitireýin! — diýýär.
Şonda Mahmyt pälwan hiç hili halat-serpaý, altyn-kümüş, mal-mülk soraman, patyşanyň ýurdunda ýesir saklanýan ildeşleriniň bir öküziň derisiniň içine ýerleşenlerini boşatmagyny soraýar. Patyşa onuň bilen derrew ylalaşýar we öküziň derisini getirmegi buýurýar. Mahmyt pälwan öküziň derisini inçejik tasma görnüşinde kesip, olary bir-birine sepläp, uzyn ýüp işipdir. Ol ýüpi giden meýdana aýlap, uly halka emele getiripdir hem-de şol uly halkanyň içine öz ildeşleriniň ählisini ýerleşdiripdir. Onuň bu ugurtapyjylygyna haýran galan şa beren sözünde durmaga mejbur bolupdyr. Mahmyt pälwan şeýdip öz watandaşlaryny ýesirlikden halas edipdir.
Bu waka dutarynyň kömegi bilen agasyny ýesirlikden halas eden Şükür bagşynyň ykbaly bilen baglanyşykly wakany ýadyňa salýar. Edil Şükür bagşy ýaly, Mahmyt pälwan hem gujur-gaýraty hem-de ýiti paýhasy bilen ildeşlerini ýesirlikden halas edýär.
Taryhy maglumatlara görä, ol 79 ýyl ömrüniň dowamynda bir gezek hem göreşde ýagyrnysy ýere degmedik pälwanlaryň biri bolupdyr. Ýöne halk arasynda ýaýran rowaýata görä, Mahmyt pälwan bir gezek bilgeşleýin ýykylypdyr. Bu waka şeýle bolupdyr. Goňşy ýurtlaryň patyşalarynyň biri uly toý tutýar. Şol toýa-da Eýranyň, Turanyň men diýen pälwanlaryny çagyrýar. Şa Mahmyt pälwana hem ýörite habar iberýär. Pälwan çagyrylan ýere barýar. Ýaryşyň öňküsi güni aýlanyp ýörşüne bir metjidiň üstünden ýoly düşýär. Seretse, metjidiň içinde bir aýal aglap, Hudaýa mynajat edip oturan eken. Mahmyt pälwan ondan näme üçin aglaýanyny soranda, ol aýal özüniň şu ýurduň baş pälwanynyň ejesidigini, ertir oglunyň gaýry ýurtdan gelen örän güýçli bir pälwan bilen göreşmelidigini, eger ogly göreşde ýykylaýsa, patyşanyň oňa jeza berjekdigini, netijede ondan kiçi çagalarynyň açlykdan gyryljakdygyny aýdyp, nalaýar. Mahmyt pälwanyň oňa rehimi inip, ertirki göreşde ol aýalyň oglundan bilgeşleýin ýykylýar we şeýdip olaryň maşgalasyny heläkçilikden halas edýär. Meşhur pälwanyň bu hereketi halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň öz gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.