Mähir ummany
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Mähir ummany

Jemgyýet
04.11.2025  29

Gahryman Arkadagymyzyň ene mukaddesligi barada söhbet açýan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly dürdäne eseri halk köpçüliginiň ýüreklerine mähir bolup siňdi. Bu ajaýyp eser ähli ýaşdaky ynsanlaryň enä bolan söýgüsini arşa göterýär. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda: «Bize her bir sözi mekdep bolan enelerimiz üýtgeşik gudratdyr» diýip, belläp geçýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Eneler çaga terbiýesini şirin hüwdüsinden başlaýarlar. Öz balasynyň geljegi baradaky arzuwlaryny, ýagşy niýetlerini hüwdülerinde beýan edip, mukaddes owaz bilen hiňlenýärler. Her çaganyň ilkinji dile getirýän sözleriniň biriniň «eje» bolmagy, megerem, ene mähriniň deňeşdirip bolmajak duýgularyň biridiginiň güwäsidir.

«Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar» diýen atalar sözüniň hem çuňňur manysy bardyr. Ene — öz çagasynyň ähli şadyýan günlerine bütin kalby bilen begenjek, kyn gününde medetkär boljak, balasyna sözsüz düşünip ruhy taýdan hemaýatkär bolup biljek ýeke-täk ynsandyr. Halkymyzda enä Käbe, ata Kybla diýilýär. Bu mähribanlary hormatlamak, olara sarpa goýmak, sylamak her bir ynsanyň esasy borçlarynyň biridir. Ene mähremligiň belent nusgasydyr. Çagalyk durmuşyň iň gözel we ýatda galyjy täsinliklere baý pursadydyr. Ene söýgüsi ummandyr. Aňyrsyna göz ýetmeýän tükeniksiz bossanlykdyr.

 Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ruhlanyp, enäniň bahasyna ýetip bolmajak baş mukaddeslikdigine göz ýetirmek mümkin. Enäniň ýüregi perzentdedir, hatda, arasy daş bolsa-da, kalby ýakyndyr. Ene perzendi üçin ähli zada taýýar, emma yzyna hiç zat hantama bolmaýan ynsandyr. Eneleri hormatlamakda her birimize nusgalyk görelde bolup durýan Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz, Bitarap döwletimiz arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr. Şu mukaddes Watanda eneleriň sarpasyny belentde tutmak ählimiziň mukaddes we müdimilik borjumyzdyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Eneler — jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, ynsanperwer ýörelgeleri, däpleri şu günlere ýetiren mähriban ynsanlardyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gymmaty egsilmejek hazyna
16.10.2025   37
Jemgyýet Nurana baýramçylygyň şatlygy
31.12.2024   226
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
06.09.2024   234
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
24.01.2025   186
Jemgyýet «Myradym nesihat etmekdir halka»
09.07.2024   251
Jemgyýet Baş baýramyň şanyna
09.09.2025   59
image