Halkymyzda çaga terbiýesine, onuň sagdyn hem-de akyl-huşly perzent bolup ýetişmegine aýratyn uly üns berilýär. Çaga terbiýesi babatynda aýdylýan halk rowaýatlarynda ene mähiriniň çaga üçin aýratyn ähmiýete eýedigi, maşgalada enäniň ornunyň örän uly bolup durýandygy nygtalýar. Pederlerden gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde geçiren diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli «tegelek stol» maslahatynyň ähmiýetini bellemek möhümdir.
Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak boýunça kabul edilen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk we amaly binýadyny emele getirýär. Bu maksatnama çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir. Hakykatdan-da, ene süýdi perzent üçin iň gymmatly iýmit. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça halkara derejede amala aşyrylýan işler milli ýörelgelerimiz bilen hem utgaşýar. Türkmen maşgalasynda çagany ene mähri bilen gurşamak, ony ak süýt bilen iýmitlendirmek döwletlilik hasaplanýar.