Beýik Magtymguly Pyragy halkyň durmuşynyň ähli taraplaryndan söz açýan şygyrlary, ölmez-ýitmez eserleri döreden dünýä belli şahyrlaryň hatarynda durýar. Onuň diwanynda Watan, il-gün, adamkärçilik, mertlik, gahrymançylyk, ar-namys..., umuman, ähli meseleler hakyndaky garaýyşlar, oý-pikirler beýan edilen goşgular bar. Başga bir şahyryň aýdyşy ýaly, ol «daň sazyna çenli okan» adama örän köp zat berýär...
Magtymgulynyň tebigat, onuň gözellikleri bilen baglanyşykly goşgulary-da az däl. Olar asman-Zemin, dag-dere, duman-sil, gar-ýagyş, çöl-beýewan... barada söhbet açýar. Şol goşgular beýik şahyryň öz Watanyna, onuň ajaýyp tebigatyna çäksiz söýgüsini, ynsanperwerligini, pähim-paýhaslylygyny şöhlelendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň tebigatyň görnüşlerini suratlandyrmakda ýeten derejesi haýran galdyrýar.
Akyldar şahyryň döredijiligi baradaky ýazgylarda, köplenç, gürrüň «Türkmeniň» goşgusyndan başlanýar. Özem olarda haýsy meseläniň gozgalýandygyna garamazdan, bu şeýle edilýär. Munuň hem özüne ýetik sebäbi bar. Bu goşgynyň çygry bimöçber giň. Üstesine-de ondaky buýsanç-hyjuw hem örän belent. Şonuň üçin şahyryň tebigat baradaky goşgularynyň gürrüňini etmekçi bolanymyzda hem, ondan başlamaga mümkinçilik döreýär:
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy gara gözüm-garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.
Bu goşgynyň iki bendini birbada almagymyzyň hem öz sebäbi bar. Çünki olary biri-birinden aýyrmak mümkin däl. Olar birigip, türkmen tebigatynyň keşbini ussatlyk derejesinde suratlandyrýar. Bu setirleri okap, Magtymguly atamyz diňe bir beýik şahyr däl, eýsem, ussat suratkeş hem bolandyr diýip oýlanýarsyň...
Şahyryň «Ýaýlahlary bar» atly goşgusyndaky:
...Seýran etsek gunçasyna, gülüne,
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.
...Serçemen agajy bile deňeler,
Ajap guş salmaly awlahlary bar —
diýen setirlere ser salmagyň nähili ajaýyp täsiri bar. Olardaky şirin owaz, türkmen ýaýlasyna bolan guwanç, mähir ýüregiňe girip gelýär. Belki-de, Magtymguly ussat bagşy hem bolandyr. Dogry, şahyr bir goşgusynda «Magtymguly, sözlerim, saza goşsaň uz bolar» hem diýýär. Ýöne bu setirlerden onsuz hem üýtgeşik owaz gelip dur...
Beýik şahyryň tebigat bilen baglanyşykly goşgularyndan, esasan, öz ýaşan ýeriniň, daglarynyň waspyny edýändigini aňmak kyn däl. Ynha, onuň «Soňudagy» diýen goşgusy bar. Bu goşgy gysga bogunlarda, kiçi ölçegde ýazylypdyr. Emma ony okanyňdan soň, uly bir eseriň täsiri galýar diýsek ýalňyş bolmaz:
Eý söwdügim, Soňudagy,
Dagdanlydyr biliň seniň...
Sowuk çeşme suwuň içer,
Süri-süri malyň seniň...
Dürli-dürli otuň biter,
Her deräň bir ile ýeter,
Hatarlanşyp kerwen öter,
Naýbadaýdyr ýoluň seniň.
Belli bolşy ýaly, Soňudag Köpetdagyň günbatar çetki künjegi hasaplanylýar. Bu ýerde şahyryň köp ýyllap ýaşandygy aýdylýar. Şonuň üçin hem ol Magtymgulynyň ýüregine ýakyn bolup galypdyr. Goşgynyň ahyrynda onuň şahyry lerzana getiren göçüş wakasy bilen baglanyşyklydygy duýulýar.
Türkmen tebigatynyň gözelligini, joşgunlylygyny aýdyň suratlandyrýan «Jahan peýda» atly goşgusy barada hem aýtmak gerek. Sebäbi bu goşguda bahar paslynda Nowruzyň gelmegi bilen tebigatyň janlanyşy, ähli janly-jandarlaryň oýanyp, ajaýyp owaz edişi öz çeper beýanyny tapýar. Bu goşgynyň çeperçilik öwüşginlerine örän baýlygy onda suratlandyrylýan pursatlaryň, wakalaryň göz öňüňde janlanmagyna ýardam berýär.
Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara
Akar boz bulanyp sili Gürgeniň.
Bu bent şahyryň «Gürgeniň» atly goşgusyndan. Şahyryň terjimehalyndan belli bolşy ýaly, Etrek, Gürgen töwerekleri onuň köp gezen ýerleri bolmaly. Şoňa görä-de, onuň bu goşgusynda beýan edilýän tebigy görnüşlere, hadysalara özüniň şaýat bolandygyna şübhe ýok. Şonuň üçin ajaýyp owazlylygyndan başga-da, tebigatyň keşbini ähli özboluşlylyklary bilen şekillendirýändigi sebäpli bu setirler ebedilik ýatda galýar.
Beýik şahyr «Duman gitmez» atly şygrynda:
Beýik daglaryň başynda
Gyşy-ýazy duman gitmez —
diýip ýazmak bilen, dag başyndaky ýene-de bir hadysany çeperlik bilen teswirleýär. Umuman, dag bilen baglanyşykly setirler, goşgular Magtymgulynyň döredijiliginde köp duş gelýär. Muny bolsa şahyryň öz ömrüniň esasy bölegini şol daglaryň arasynda geçirendigi, olara höwrügip galandygy bilen düşündirmek bolar.
Jemlenilip aýdylanda, akyldar şahyrymyzyň ynsanperwerlige, şol sanda tebigata bolan mähirli garaýyşlara, çäksiz söýgä ýugrulan goşgulary her bir adamda hem şeýle duýgulary oýarýar. Şahyryň döredijiliginde ynsanyň tebigat bilen sazlaşykda, olaryň ýakyn gatnaşykda bolmagyna itergi berýän öwüt-ündewler edilýär. Onuň şol goşgularynda tebigat gaýtalanmajak gözellikler bilen bilelikde suratlandyrylýar. Şoňa görä-de, şahyryň kalbynda tebigata hormat müdimi orun alypdyr.