Magtymguly — ynsanyýet şahyry
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Magtymguly — ynsanyýet şahyry

Jemgyýet
16.12.2024  408

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretmeginiň, goňşy we dünýäniň beýleki döwletleriniň halklarynyň şahyryň şygyrlaryny öz dillerine terjime edip, uly isleg bilen okamaklarynyň baş sebäbi akyldar şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan, çuň mana eýlenen eserleriniň diňe bir halkyň ýa-da milletiň geljegi üçin däl-de, tutuş adamzadyň durmuşy üçin mynasyp ýol-ýörelge bolup durýandygydyr. Islendik milletiň wekili Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okanynda, ilki bilen, türkmen halkynyň durmuşy, gylyk-häsiýetleri, taryhy, milli gymmatlyklary bilen bir wagtda, öz ýaşaýyş-durmuşynda sapak edinmäge, nusga almaga mynasyp pähim-paýhasly pikirler bilen tanyş bolýar. Şahyryň şygryny okap, manysyny pikir eleginde aýlan adam üçin Magtymguly Pyragy ýakyn syrdaşa, ýürekdeş dosta öwrülýär. Şol nukdaýnazardan hem, akyldar şahyrymyzyň miras galdyran gymmatly eserleri dünýä dillerine terjime edilýär, alymlar, edebiýatçylar tarapyndan giňden öwrenilýär.

Akyldar şahyryň «Söhbet ýagşydyr» diýen şygrynyň:

 

Käşki adam bu dünýäge gelmese,
Gelenden soň ömür sürse — ölmese,
Elden gelen ýagşy işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr —

 

diýen bendindäki ýagşy gylyk-häsiýetleri ündeýän öwüt-nesihatlary diňe bir millete däl, tutuş ynsanyýete niýetlenen ýüzlenmedir. Şular ýaly mysallary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden näçe diýseň getirmek mümkin.

Ýurdumyzda halkymyzyň milli mirasyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak, edebiýatymyzy we sungatymyzy belent derejelere götermek ugrundaky edilýän taýsyz tagallalaryň berýän  netijelerini biz bu günki günde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga, onuň giň ummana deňelýän döredijilik dünýäsine goýulýan belent hormat-sarpanyň mysalynda aýdyň görýäris. Diňe bir türkmen ýazyjy-şahyrlary, dilçi alymlary, edebiýatçylary däl, eýsem, dünýä ýüzüniň alymlary, ýazyjylary Magtymguly Pyraga belent sarpa goýup, ony özleriniň ruhy halypasy hasaplaýarlar. Munuň şeýledigini olaryň Magtymguly Pyragy barada aýdyp geçen sözleri hem tassyklaýar.

Öz ajaýyp eserleri bilen dünýä edebiýatynda hem meşhurlyk gazanan gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Magtymguly — ylham çeşmesi» atly kitapda türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň öňünde baş egýändigini, onuň döredijiligine uly hormat-sarpa goýýandygyny, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat şahyrydygyny, şeýle hem dünýä edebiýatynyň ösmeginde Magtymguly Pyragynyň örän uly ähmiýetiniň bardygy barada giňişleýin belläp geçýär.

Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa diňe bir şahyra goýulýan sarpa däl-de, eýsem, şeýle akyldary dünýä beren beýik türkmen halkyna goýulýan hormat-sarpadyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet «Täze güni» buşlaýan sene
21.03.2024   462
Jemgyýet Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa
04.10.2025   203
Jemgyýet Sport
27.05.2026   101
Jemgyýet Dost-doganlygyň binýady
09.01.2026   154
image