Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi

Jemgyýet
20.03.2024  535

Köňülleriň, ýürekleriň birleşýän şanly ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri welaýatymyzda giň gerimde dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Magtymguly Pyragynyň Daşoguz şäherindäki ýadygärliginiň öňünde baýramçylyk çäresi geçirildi. «Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi» ady bilen geçirilen dabara medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary joşgunly ýaňlandy. Welaýatymyzyň bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar dabaranyň milli öwüşginini has-da artdyrdy. Hoş owazlar bilen birlikde, döredijilik işgärleriniň şanly ýylymyza bagyşlap döreden goşgulary baýramçylyk çäresine ruhy joşgun eçildi. Bu ýerde guralan kitap sergisi dabara gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. Muzeý gymmatlyklarynyň täsin hatary toý döwresiniň milliligini artdyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi
07.08.2024   399
Jemgyýet «Hemedan daş bolsa...»
05.11.2025   239
Jemgyýet Ýaz nygmaty
01.04.2024   465
Jemgyýet Suw boýunda biten garaja tal
24.01.2026   179
Jemgyýet Täze üstünliklere tarap
07.02.2026   193
Jemgyýet Gyzykly gezelenç çäresi
12.07.2024   469
Jemgyýet Awaza forumy: adamzadyň bähbidi üçin
25.07.2025   288
image