Magtymguly — halkyň beýik danasy
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Magtymguly — halkyň beýik danasy

Jemgyýet
22.07.2024  367

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Magtymguly — halkyň beýik danasy, äleme nusgadyr ähli namasy» atly maslahat hem ýokary ruhubelentlige beslendi. TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesinde geçirilen maslahata dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Maslahatda guralan çykyşlarda akyldar şahyryň edebi mirasynyň ähmiýeti hakynda gürrüň etdiler. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dünýä ýaýmakda ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kanun beýik söz ussadynyň medeni mirasynyň aýawly saklanmagyna we geljek nesillere ýetirilmegine degişli wezipeleriň hukuk binýadyny berkidýär. Akyldar şahyryň döredijilik mirasy häzirki wagtda halkara derejede uly gyzyklanma eýe bolýar. Çykyş edenler şular barada bellemek bilen, şeýle giň gerimli işleriň şanly ýylyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýändigini aýtdylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Buýsançly gürrüňler edildi
27.08.2025   159
Jemgyýet Gymmatly ruhy-hazyna
02.01.2026   121
Jemgyýet Döwrebap ulaglar ilatyň hyzmatynda
11.09.2024   421
Jemgyýet Bagtyýar durmuşa buýsançly ýaşlar
04.07.2025   307
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   316
Jemgyýet Rysgally ýyl
24.12.2024   385
Jemgyýet Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary
30.07.2024   415
Jemgyýet Pyragynyň zybanynda tebigatyň waspy
30.10.2024   370
image