Ýatlanylmaga mynasyp mugallym
Magtymguly Pyragy üç asyra golaý wagt bäri ady dillerde sena bolup, rowaýata öwrülen türkmen halkynyň beýik şahyry hem akyldarydyr. Halkymyz özüniň beýik şahyryna hemişe aýratyn sarpa goýupdyr. Onuň ömri, durmuşy, at-owazasy baradaky gürrüňler, rowaýatlar asyrlar boýy dilden-dile geçipdir. Şahyryň durmuş ýoluna, şygryýet dünýäsine, şahsyýetine düşünmekde şol rowaýatlaryň, halky kyssalaryň örän uly ähmiýeti bar. Magtymguly Pyragy baradaky rowaýatlar, gürrüňler dürli ýyllarda magtymgulyşynaslar tarapyndan halkyň arasyndan ýygnalyp, birnäçe gezek kitap görnüşinde halka ýetirildi. Halkyň hakyda göwherine öwrülen halky kyssalar, rowaýatlar dürli ýaşdaky, dürli kärlerdäki şahyryň şygryýet dünýäsiniň janköýerleri tarapyndan toplanypdyr. Şahyryň ömri, durmuşy baradaky gymmatly maglumatlary toplanlaryň biri hem Ataberdi Nursähedowdyr. Magtymguly baradaky rowaýatlaryň esasynda çap edilen ýygyndylarda Ataberdi Nursähedowyň şahyr hakdaky toplan halky kyssalarynyň aşagynda onuň 1929-njy ýylda doglandygy, ýokary bilimlidigi, Köneürgenç etrabynyň Magtymguly köçesiniň 5-nji jaýynda ýaşaýandygy, rowaýatlaryň aglabasynyň 1959-1960-njy ýyllarda TYA-nyň golýazmalar hazynasyna tabşyrylandygy barada maglumatlar berlipdir.
Ataberdi Nursähedow geçen asyryň altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarynda Köneürgenç etrabynyň şol wagtky 1-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup zähmet çekipdir. Mekdebiň jaýynyň soňky ýyllarda birnäçe gezek täzeden abatlanyp, iň soňunda-da başga ýere göçürilendigi sebäpli onuň işlän ýerinden ol baradaky resmi maglumatlary almaga mümkinçilik bolmady. Emma şol döwürde 1-nji orta mekdepde okap bilim alan adamlaryň birnäçesiniň dilinden türkmen dilinden we edebiýatdan özlerine sapak beren magtymgulyşynas mugallym Ataberdi Nursähedow hakynda gürrüňleri diňlemek miýesser etdi. Onuň okadan okuwçylarynyň bu günki gün 80 — 90 ýaşly adamlardygyna garamazdan, mugallymlary hakynda uly söýgi we buýsanç bilen gürlemekleri magtymgulyşynas mugallymyň ylym gorunyň, mugallymçylyk tejribesiniň, halk içindäki abraýynyň uly bolandygyndan habar berýär. Ataberdi mugallymyň okuwçylary onuň edebiýat dersinden, aýratyn hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiliginden gaty gyzykly gürrüňler berip, sapagy örän täsirli geçendigini süýjülik bilen ýatlaýarlar. Ol Magtymgulynyň goşgularyny okaman, hemişe ýatdan aýdar ekeni. Olaryň aýdýan maglumatlaryna görä, ol geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrynda Köneürgenje Ahal sebitinden gelipdir we ýetmişinji ýyllaryň ortalaryna çenli bu ýerde zähmet çekip, soňra ýene Aşgabada ýa-da şol wagtky onuň töweregindäki obalaryň birine göçüp gidipdir. Onuň şondan soňky ykbaly häzirlikçe bize nämälim. Belki, gazet makalasyny okanlaryndan soň bu barada seslenenler tapylar.
Ataberdi Nursähedowyň Magtymguly Pyragy barada aýdyp beren ýa-da halkyň dilinden ýazyp, TYA-nyň golýazmalar hazynasyna tabşyran rowaýatlarynyň aglabasynda şahyryň ylym ýoluna ymykly düşüp, Hywa medresesinde okan döwürlerinde Daşoguz, Köneürgenç sebitlerinde bolup, özüniň goşgulary, ýiti pähim-paýhasy bilen halkyň ýüreginden orun alşy barada gymmatly maglumatlar berilýär. Rowaýatlardaky aýdylýan maglumatlaryň ençemesiniň hakykata golaýdygyny alymlar ylmy seljermeleriň üsti bilen delillendirýärler.
Magtymgulynyň ýaşan ýyllary barada dürli ýyllarda alymlaryň arasynda dürli pikirler öňe sürüldi. Alymlaryň köpüsi şahyryň uzak ýaşap, 1813-nji ýylda aradan çykandygy baradaky pikiri aýdýarlar. Edebiýatçy alym Romanguly Mustakow «Magtymguly we Gündogar edebiýaty» atly kitabynda: «Magtymguly barada 1960-njy ýylda Köneürgenç etrabynda Ataberdi Nursähedowyň aýdyp beren maglumaty-da Magtymgulynyň 1813-nji ýylda syrkawlap aradan çykandygy baradaky pikiri öňe sürýär» diýip belleýär. Megerem, alym bu ýerde Ataberdi Nursähedowyň aýdyp beren, ilkinji gezek 1960-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap edilen «Magtymguly we Begaly» atly rowaýatyny göz öňünde tutýan bolsa gerek. Bu rowaýatda Magtymgulynyň Begaly şyh diýen adam bilen ýakyn dostlugy barada aýdylýar. Begaly şyh bir gezek şahyryň garran çaglarynda onuň ýanyna baranda, onuň ýanynda sekiz ýaşly Ogulbäbek atly gyzy hem bar eken. Begaly şyh şahyryň saglygyny soranda, Magtymguly şeýle jogap beripdir:
— Biz indi tutuş syrkawa öwrülipdiris. Dost, bu garrylyk syrkawy. «Garrylyk öldürmez, öldürmese-de güldürmez» diýenleri. Indi dyzda kuwwat galmady, bilde gurbat, göwrede-de mydar galmady — diýip jogap berýär.
Begaly şyhyň Magtymgulyny gören Ogulbäbek diýen gyzy 104 ýaşap, 1909-njy ýylda aradan çykypdyr. Bu rowaýatyň üsti bilen, sekiz ýaşly Ogulbäbek Magtymgulyny gören bolsa, onda Magtymguly hakykatdan hem 1813-nji ýyla çenli ýaşan bolmaly diýen pikir aýdylýar. Bu pikiri tassyklaýan başga-da birnäçe maglumatlar bar.
Magtymguly hakyndaky rowaýatlar 1959, 1983, 2014, 2023-nji ýyllarda dürli atlar bilen çap edilip halka hödürlendi. Ataberdi Nursähedowyň aýdyp beren we halkyň dilinden ýazyp alan Magtymguly hakyndaky rowaýatlary şol neşirleriň ählisinde hem görnükli orun tutýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilen «Akyl hazynasy. Magtymguly hakyndaky halky kyssalar» atly kitapda hem onuň şahyr hakynda halkyň arasyndan toplan rowaýatlarynyň on dört sanysy ýerleşdirilipdir. Şahyryň durmuşy, başyndan geçiren wakalary hakyndaky şol rowaýatlara halkyň Magtymguly Pyraga bolan çäksiz söýgüsi siňdirilipdir. Ol rowaýatlar şahyryň beýik adamkärçilige, halallyga ýugrulan, halkyny agzybirlige, jebislige çagyran, Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezen şahyrana şahsyýetini okyjynyň göz öňünde örboýuna belende galdyrýar. Halkyň arasynda ýaşap, Magtymguly Pyragy hakyndaky gymmatly maglumatlaryň ençemesini toplap, geljekki nesillere miras galdyran magtymgulyşynas mugallym Ataberdi Nursähedowyň ady hemişelik ýatlanylmaga mynasyp.