«Magtymguly diýip adym tutsalar...»
weather dashoguz 24° C Daşoguz

«Magtymguly diýip adym tutsalar...»

Jemgyýet
25.12.2024  380

Pyragyň arzuwlan ajap eýýamy

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Daşoguz şäherindäki Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda «Pyragyň arzuwlan zamany bolan, Garaşsyz, Bitarap ýurdum ajaýyp» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Medeniýet işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, Gurluşyk we senagat işgärleriniň Daşoguz şäherindäki KA-nyň ilkinji guramalarynyň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Daşoguz şäher Bagşylar muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdebiň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda Gündogaryň görnükli söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýän agzybirlik, parahatçylyk söýüjilik, watançylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli gatnaşyklar ýaly milli ýol-ýörelgelerimizi ündeýän hem-de edep-terbiýeçilik ähmiýetli many-mazmunly şygyrlary barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamy Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowanyň, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Laçyn Mätgeldiýewanyň, Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Şatlyk Gylyjowyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar bilen utgaşdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gymmaty egsilmejek hazyna
16.10.2025   121
Jemgyýet Bilim — röwşen geljegiň açary
08.09.2025   171
Jemgyýet Halypa göreldesi — ýaşlara ýörelge
05.05.2025   278
Jemgyýet Anyk wezipelerden ugur alnyp
05.09.2025   182
Jemgyýet Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda
16.08.2025   198
Jemgyýet Asylly terbiýe — gymmatly miras
24.02.2025   285
image