Oba adamlary. Olar şeýle bir sada, göwnaçyk, zähmetsöýer adamlar. Olar çeper we manyly aýdylan sözlere aýratyn gadyr goýýarlar. Oba adamlary Magtymguly Pyragynyň gyzyla gaplaýmaly dana sözleriniň hem muşdagy bolýarlar. Oglan wagtlarymyzda bilimi babatda bary-ýogy mekdepde sowat öwrenen, aňry gitse, ýediýyllyk okuwy tamamlan ýaşuly adamlaryň beýik şahyr hakynda aýdanlaryny, onuň goşgularyny ýatdan okap, manysyny tirişlerini ýatlanymda, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda Magtymguly Pyraga boljagy-geljegi öňünden gören keramatly adam hökmünde garap gelendiklerine göz ýetirýärin. Olar Magtymgulynyň ölmez-ýitmez şygyrlaryny özleri üçin hem, geljek nesiller üçin hem durmuş mekdebi, has zamanabap söz bilen aýdanymyzda, uniwersitet hasaplaýardylar. Oba adamlarynyň Magtymguly Pyragy hakynda eden gürrüňleriniň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildim.
Juda ýatkeş we gürrüňçil Çörli aga märekede Gurhandan aýat okaýan ýaly owazly sesi bilen Magtymguludan şygyr okaýardy. Arasynda bolsa okalan setirlere düşündiriş berýärdi. Goşgynyň:
Ömrüň ahyr bolup, dolsa peýmana,
Haşhaşyň samany başy syndyrar —
diýen ýerine gelende, Çörli aga:
— Adam egbarlanda ýa-da garrap, tapdan düşende, haşhaş ýaly ýumşak otuň samany hem onuň başyna daşdan gaty bolup degýär — diýip düşündirdi. Aýdylanlary ünsli diňläp oturan agras hem gysga sözli Kaka Galandar:
— Haşhaş gozasyndan we samanyndan neşe alynýan, adamyň başyny humarly edýän ösümlik. Adam erkini neşä berse, garry ýa ýaş bolsun, tapawudy ýok, ol onuň ömrüni syndyrýar — diýip, gürrüňe goşuldy. Oturanlardan biri:
— Kaka aga, sen haşhaş barada nireden bilýärsiň? — diýip, oňa sowal berdi.
— 5-nji synpyň biologiýa okuw kitabynda haşhaşyň we onuň gozasynyň suraty bar. Şol ýerde onuň neşe serişdesiniň adam ömrüne zyýanlydygy barada hem ýazylypdyr — diýip, gysgadan takyk jogap berdi.
Orta mekdepde bary-ýogy 4-nji synpa çenli okap sowat alan ýaşulynyň eline ilen kitaplary irginsiz okap, Magtymgulynyň goşgularynyň manysyny tirmek üçin mydama gözlegde bolmagy juda haýran galarlykly ýagdaý.
***
Ýaşy birçene baran adamlaryň aglabasy ýatkeşliginiň kütelişendigini aýdyşyp, derdinişýärler. Jumageldi aga şeýle ýagdaýdan özboluşly çykalga tapdy. Ýaşy segsene ser uran goja ýatkeşligi gowşaşyp ugransoň, ýandepderçe tutundy. Ol oňa özüniň gysgajyk belliklerini edýän eken. Köpçülikde, märekede ol ýandepderçesini sereşläbem oturanok. Bir zady ýadyna salmak islese, ýandepderçesini jübüsinden çykaryp, bir göz aýlap oňaýýar. Bir gezegem ol ýandepderçesine bir nazar saldy-da:
— Men size Magtymgulynyň bir goşgusyny aýdyp bereýin — diýip, şahyryň «Şypa ber» atly, içinde ençe pygamberleriň, keramatly pirleriň ady getirilen 8 bent goşgusyny ýatdan aýtdy. Görüp otursak, ol goşgynyň her bendiniň birinji sözüni belläpdir. Ilkinji sözüni bilseň, goşgynyň soňy ýadyňa düşýän eken. Jumageldi aganyň bu usuly hemmeler üçin hem biçem boljak däl eken.
***
Göki aga geçen asyryň 80-nji ýyllarynda doganlyk ýurtlarda gulluk borjuny berjaý edýän oglunyň yzyndan barypdyr. Onuň oba gelenden soň:
— Baran ýerimde çagalar: «Magtymguly, Magtymguly» diýip, yzymdan aýrylmadylar — diýip, gürrüň berip oturany ýadyma düşýär. Şol ýyllarda kinoçylarymyzyň Magtymguly hakynda düşüren kinofilmleri uly meşhurlyga eýe bolup, dürli ýurtlaryň kinoteatrlarynda görkezilýän eken. At ýüzli, giň maňlaýly, gelşikli gara sakgally, milli eşikli Göki agany çagalar kinodaky Magtymgulynyň hut özümikä diýip, kabul edipdirler.
***
Magtymguly Pyragynyň goşgulary dürli ýyllarda kitap edilip, halk köpçüligine ýetirildi. Ençe alymlaryň, magtymgulyşynaslaryň uly zähmet siňdirip 1926, 1940, 1941, 1957, 1959, 1976, 1983, 1992, 2014-nji ýyllardaky taýýarlan neşirleri hem şahyryň kitaplarynyň doly sanawy däl. Halkymyz Magtymgulynyň kitaplaryny öýlerinde mukaddes gymmatlyk hökmünde apalap saklaýar.
Obanyň örän sypaýy we aşa medeniýetli ýaşulularynyň biri Meret aganyň Magtymgulynyň arap we latyn elipbiýinde neşir edilen kitabyny yzlap, başga welaýata gidip gelendigi hakynda aýdýarlar. Onuň bu hereketi görnüki ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynyň baş gahrymany Welmyrat agany ýatladýar. Halkymyz akyldar şahyrynyň sarpasyny hemişe belent saklaýar.