Lukman zenanlar sylaglandylar
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Lukman zenanlar sylaglandylar

Jemgyýet
07.03.2024  500

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ilatyň saglygyny goramakda, dürli keselleriň öňüni almakda saglygy goraýyş işgärleriniň hem mynasyp goşandy bardyr. Ulgamda zähmet çekýän eli ýeňil lukman gelin-gyzlaryň netijeli zähmetini Halkara zenanlar gününiň uly dabaralara beslenýän günlerinde sarpalamak maksady bilen, welaýat köpugurly hassahanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen baýramçylyk maslahatynda öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärleriniň birnäçesine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hormat hatlary we saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kämilligiň gözbaşy
05.11.2025   217
Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.11.2025   187
Jemgyýet Ýollarymyz abadan bolsun!
11.09.2025   249
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirildi
30.12.2025   239
Jemgyýet Hemişe ýüregiňi diňle!
03.10.2025   229
Jemgyýet Ak bugdaýyň Watany
03.02.2025   657
image