Küştçi doganlaryň üstünligi
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Küştçi doganlaryň üstünligi

Sport
31.01.2026  94

Ýakynda Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylaryň arasynda küşdüň standart, rapid, blitz görnüşleri boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Onda Daşoguz welaýatyndan hem doganlar Dilnäz, Dilber we Dawut Hupbyýewler üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň okuwçysy Dilnäz Hupbyýewa 7 ýaşly gyzlaryň arasynda küşdüň standart görnüşi boýunça üçünji, rapid görnüşi boýunça ikinji orunlary eýeledi. Şol mekdebiň okuwçysy Dilber Hupbyýewa 13 ýaşly gyzlaryň arasynda küşdüň standart görnüşi boýunça üçünji orna mynasyp boldy, rapid görnüşi boýunça bolsa Türkmenistanyň çempiony boldy. Dilber blitz görnüşi boýunça üçünji orna mynasyp boldy. Bu ýaryşda doganlaryň körpesi Dawut Hupbyýew küşdüň standart görnüşinden üçünji, rapid we blitz görnüşlerinden ikinji orunlary eýelemegi başardy.

Meňzeş habarlar

Sport Ýaş türgeniň üstünligi
03.09.2024   258
Sport Ýetginjek türgeniň ýeňşi
08.05.2024   347
Sport Woleýbol boýunça ýaryşlar
29.10.2024   268
Sport Maşgalalar bäsleşdiler
19.02.2025   248
Sport Woleýbolçy gyzlaryň üstünligi
26.03.2024   363
Sport Şadyýan tomus
01.07.2024   303
Sport Sport — sagdynlygyň gözbaşy
20.05.2024   328
image