Kümüşden dokalan nepislik
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Kümüşden dokalan nepislik

Jemgyýet
06.04.2026  114

Gupba şaý-sepleriň arasynda iň gadymy we ähmiýetli nusgalaryň biridir. Ol diňe bir bezeg däl, eýsem, gorag manysyna hem eýedir.

Gupba sözi, aslynda, gümmez, belentlik diýen ýaly manyny aňladýar. Onuň görnüşi gümmeze meňzeş bolup, asman gümmezini alamatlandyrýar. Gupba tahýanyň üstüne berkidilýär we gyzyň başyny has belent, boýuny syratly görkezýär.

Gupbaly tahýany durmuşa çykmadyk gyzlar dakynypdyrlar. Gupbanyň ýüzüne, esasan, hakyk gaşlar oturdylypdyr. Ol saglygy, berkligi we gowulygy aňladypdyr. Gupba arassalygyň we durnuklylygyň nyşany bolan kümüşden ýasalýar.

Gupbanyň taryhy örän gadymy döwürlere çenli uzap gidýär. Ol diňe bir zergärçilik önümi bolman, eýsem, türkmen halkynyň etnogenezi, dünýägaraýşy we harby taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Gadymy döwürlerde zenanlar erkekler bilen bir hatarda söweşe gatnaşypdyrlar. Şonda gupba gorag guraly bolup, urgudan gorapdyr. Wagtyň geçmegi bilen, parahatçylykly döwürde bu metal gorag serişdesinden kümüşden ýasalýan we dürli gymmat bahaly daşlar bilen bezelýän nepis şaý-sepe öwrülipdir.

Arheologik gazuw-agtaryş işleri gupba meňzeş başgaplaryň nusgalarynyň günorta Türkmenistanyň çäklerinde duş gelýändigini görkezýär. Altyndepede we Nusaý ýadygärliklerinde tapylan zenan şekiljiklerinde gümmez şekilli gupba bolupdyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Düýe çaly melhemdir
02.10.2025   215
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
04.09.2024   426
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
04.05.2026   117
Jemgyýet Dünýä ýaň salan şäher
13.09.2024   509
Jemgyýet Öz hünäriniň ussady
22.01.2025   417
Jemgyýet Döwletli tutumlara badalga
04.09.2025   262
Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.11.2025   164
image