Körpelere baýramçylyk sowgady
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Körpelere baýramçylyk sowgady

Jemgyýet
01.09.2026  75

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, Daşoguz şäheriniň Gülüstan ýaşaýyş jaý toplumynda bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilleriň kämil terbiýe we bilim almagyna niýetlenen täze, döwrebap 41-nji çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly il ýaşulular, bilim işgärleri hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Bu çagalar bagy 240 orunlyk bolup, umumy meýdany 2,5 gektary eýeleýär. Onuň gurluşyk işleri «Mäkäm» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Çagalar bagynda çagalaryň saglygyny goramak, olaryň ukyplaryny irki döwürden ýüze çykarmak we ösdürmek, körpeleriň wagtyny peýdaly, gyzykly we rahat geçirmekleri üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Onda aýdym-saz zaly, çagalaryň saglygyny berkitmek üçin ýapyk we açyk suw howuzlary bar. Çagalaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin döwrebap enjamlaşdyrylan lukmançylyk otagy, sagdyn iýmitlenmegi üçin aşhana we döwrebap naharhana hereket edýär.

Häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, çagalar bagynda diňe bir terbiýeçilik işleri däl, eýsem, körpeleri mekdebe taýýarlamagyň kämil ulgamy hem ýola goýlan. Bu ýerde çagalara irki ýaşdan başlap daşary ýurt dillerini öwretmek, olaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek we kompýuter tehnologiýalary baradaky ilkinji düşünjeleri bermek üçin ýöriteleşdirilen okuw otaglary döredilipdir. Binanyň daşynda çagalaryň arassa howada oýnamaklary we gezelenç etmekleri üçin 12 sany bassyrmaly eýwanlar we dürli attraksionly oýun meýdançalary gurlan. Täze  çagalar bagynyň açylyp ulanmaga berilmegi, ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Durmuş mekdebine ak ýol
26.05.2026   145
Jemgyýet Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri
28.10.2024   375
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   143
Jemgyýet «Ak altyn» ussatlaryna medeni hyzmat
02.10.2026   26
Jemgyýet Dünýä içre ykrarly gymmatlyk
22.12.2025   237
Jemgyýet Ganatly bedewleriň waspy
26.04.2024   521
Jemgyýet Döwletliligiň binýady
10.08.2026   91
image